Mar 05, 2019 19:57 Asia/Ashgabat
  • Hazar deňzi: durnukly ösüş we dolandyryş

duşenbe güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly ýedinji okuw maslahaty öz işine başlady.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça geçirilýän bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşy hasaplanylýan Halkara ummanlar instituty çykyş etdiler.

Hazar deňzi bilen işleri baglanyşykly bolan Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilleri okuw maslahatynyň diňleýjileri boldular.

Halkara ummanlar institutynyň Günbatar — Ýuwaş umman sebitiniň merkeziniň (Hytaý Halk Respublikasy) wekilleri hem okuw maslahatyna gatnaşyjylar hökmünde çagyryldylar.

Awaza okuw maslahatyna, mundan ozalky ýyllardaky ýaly, Hazarýaka döwletleriň nebit-gaz toplumynyň, daşary syýasat edaralarynyň, tebigaty goraýyş guramalarynyň, ulag ulgamynyň, balyk awlaýjy edaralaryň, gidrometeorologiýa gulluklaryň we beýleki ulgamlaryň işgärleri gatnaşdylar.

Halkara ummanlar institutynyň ýolbaşçysy Antonella Bassallo we geografiýa ylymlarynyň doktory, ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiki toparynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň geňeşçisi Ýuriý Olýuniň bu okuw maslahatynyň hormatly myhmanlary boldular.

Hazarýaka döwletleriň öňünde durýan deňiz hukugy, deňiz syýasaty, deňziň hapalanmagy, Hazaryň serişdeleriniň işlenip taýýarlanylmagy, onuň we kenarýaka zolaklarynyň biodürlüliginiň we biologiýa serişdelerini goramak, kenarýaka zolaklaryny toplumlaýyn dolandyrmak, deňiz giňişlik meýilnamalaşdyrylyşy ýaly amalyýet we usulyýet meseleleri okuw maslahatynyň maksatnamasynyň garamagyna girizildi.

Häzirki okuw maslahaty ummany dolandyryş düzümi, suw serişdelerinden durnukly dolandyrmak üçin maliýe gurallary, umman bilen aragatnaşyklary dolandyryş gurallary we Hazar deňzini dolandyryş ýaly dört ugurdan ybaratdyr.

Okuw maslahatynyň barşynda diňleýjiler alan bilimleriniň esasynda tanyşdyryş gurap, onda hyzmatdaşlygyň öňe sürülýän ugurlaryny saýlap alarlar. Okuwa gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak boýunça BMG tarapyndan döredilen Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen tanyşdyrylar. Olar şeýle hem serhetüsti suw serişdelerine baha bermegiň usullary we ählumumy ekologiýa gaznasynyň serişdelerini peýdalanmagyň ýollary bilen tanyşdyrylar. Türkmenistanyň bilermenleri Ählumumy ekologiýa gaznasynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekdäki öz tejribelerini paýlaşarlar.

 Gurbanguly Berdimuhamedow bäşinji Hazar sammitinde (Aktau, 2018-nji ýylyň 12-nji awgusty) eden çykyşynda: «Türkmenistan tebigaty goramak meselelerine, hususan-da, Durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşdyrmaga toplumlaýyn çemeleşýär. Türkmenistana her ýyl «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuwlar geçirilýär, ol Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşy bolan Halkara ummanlar instituty tarapyndan guralýar» diýip belledi.

1972-nji ýylda professor Elizabet tarapyndan esaslandyrylan bu institut Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite geňeşiji edarasynyň derejesi bolan guramadyr. Deňiz giňişliklerini durnukly dolandyrmagyň zerurlygy hakyndaky bilimleri ýaýratmak we 1982-nji ýyldaky Deňiz hukugy boýunça BMG-niň Konwensiýasynda görkezilen Bütindünýä mirasynyň ýörelgelerini wagyz etmek Halkara ummanlar institutynyň wezipesidir.

Häzirki wagtda Halkara ummanlar institutynyň işi okuw sapaklaryny guramakdan we geçirmekden ybaratdyr. Deňiz giňişliklerini dolandyrmak boýunça sebit okuwlary Türkmenistanda, Kanadada, Hytaý Halk Respublikasynda, Malta Respublikasynda, Tailandda we Günorta Afrika Respublikasynda geçirilýär.

Häzirki okuw maslahatynyň bäşinji Hazar sammitinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň gol çeken hukuk derejesi hakynda Konwensiýasyndan we beýleki möhüm ylalaşyklardan hem Teswirnamalaryndan soňra ilkinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek.

 Gurbanguly Berdimuhamedow Aktauda geçirilen sammitde çykyş edip: «Häzirki wagtda Hazarda alnyp barylýan ähli ykdysady işler ylma berk esaslandyrylmalydyr, bolup geçýän tebigy we antropogen hadysalara monitoring we çaklamak ulgamyna bitewi çemeleşilmegine daýanmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşygy işläp taýýarlamak maksada laýyk bolar» diýip belledi.

Türkmen Lideriniň bu başlangyjy bilen baglylykda 15-nji marta çenli dowam etjek okuw maslahatynyň şu ýylky maksatnamasynda deňiz ylmy-barlaglary ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berler.

Okuw maslahaty Türkmenistanda 2013-nji ýyldan bäri her ýylda geçirilýär. Şu döwrüň içinde 115 adam bu okuwda okady.

«Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahatynyň çäklerinde diňleýjilere medeni maksatnama we Hazar goraghanasyna baryp görmek teklip ediler.

Tags