Täjigistana ýük çekýän kamionlaryň Türkmenistanyň ýollaryndan peýdalanmaklary gadagan edildi
(last modified Fri, 31 Jan 2020 11:35:15 GMT )
Jan 31, 2020 16:35 Asia/Ashgabat
  • Täjigistana ýük çekýän kamionlaryň Türkmenistanyň ýollaryndan peýdalanmaklary gadagan edildi

Täjigistanyň transport ministri Hudaýar Hudaýarzade bu ýurduň ýük çekýän kamionlarynyň Türkmenistanyň üstünden gatnatmagynyň Aşgabat tarapyndan gadagan edilendigini habar berdi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Hudaýar Hudaýarzade şu gün bir habar konferensiýada beren gürrüňlerinde bu gadaganlykdan habar berip gadaganlyk heniz çözülen däldir we Türkmen resmileri heniz bu mesele barada we onuň delili barada hiç zat aýdan däldirler diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň ýollary diňe Täjik kamionlary üçin dälde eýsem Täjigistana gatnatýan beýleki ýurtlaryň kamionlary üçin hem baglydyr diýip Täjigistanyň transport ministri aýtdy.

biz Türkmenistanyň ýollaryndan peýdalanmany Täjigistan bilen Aziýanyň günbatarynyň arasynda täze transport ugury tapdyk bu ugur Özbegistan,Gazagystan,Hazar,Eýran we Türkiýäniň üstünden Täjigistanyň Aziýanyň gündogaryna ýük transport etmegine şert döretýändir diýip Hudaýarzade aýtdy.

Türkmenistan döwleti geçen Fewraldan başlap Täjigistanyň kamionlarynyň Türkmenistanyň ýollardan peýdalanmaklaryna çäklik döredendir.ekspertleriň ynamyna görä.Türkmenistan Owganystan we Täjigistan aralygyndaky demirýol taslamadan Täjik tarapynyň kenara çekilmegi Aşgabadyň şeýle bir boluşynyň sebäpkäridir.

Tags