Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetini nygtady
Owganystanyň prezidenti Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen geçiren duşuşygynda TOPH gaz geçiriji taslamanyň ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetini nygtady.
Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Gani düýn Kabulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow bilen geçiren duşuşygynda TOPH gaz geçiriji taslamanyň iki ýurduň ösüşine hem-de bu gaz geçirijiniň ugurynda ýerleşen Pakistan bilen Hindistanyň ösüşine sebäp boljakdygyny aýtdy.
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani şeýle-de Owganystanyň Magdan bölüminde hem Türkmenistan bilen ýakyn arkalaşyklary saklajakdygyna yşarat edip TOPH taslamasynyň ýanynda Türkmenistanyň elektrikini Owganystanyň üsti bilen Pakistana geçirmek we sebiti Ýewropa birikdirjek optiki süýümli ara-gatnaşyk ulgamyny çekmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini beýan etdi.
bu duşuşykda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow hem iki taraplaýyn ortak ykdysady taslamalara yşarat edip Türkmenistanyň dürli ugurlarda Owganystan bilen arkalaşmaga özüni borçly bilýändigini aýtdy.
TOPH gaz geçiriji taslamasy 2016-nji ýylda Türkmenistanyň,Owganystanyň,Pakistanyň we Hindistanyň başlyklarynyň geçiren maslahatynda makullanyp 2019-nji ýylda ulanyşa berilmeli boldy.
emma bu gaz geçirijiň uly bölümi Owganystan we Pakistanyň wehimli we durnuksyz welaýatlaryndan geçmegi,iki ýurduň serhet dawalary hem-de Hindistan bilen Pakistanyň taryhy duşmançylygy TOPH gaz geçirijisiniň çekilmeginiň garşysyndaky iň möhüm böwetler bolandyr.