Türkmenistan we Täjigistan Koronasyz ýurtlar
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i7485-türkmenistan_we_täjigistan_koronasyz_ýurtlar
Türkmenistan we Täjigistan koronawirusyndan azat 20 sebitiň sanawynda.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 23, 2020 14:01 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan we Täjigistan Koronasyz ýurtlar

Türkmenistan we Täjigistan koronawirusyndan azat 20 sebitiň sanawynda.

Fars habar gullugynyň penşenbe güni beren habaryna görä, sanawda Angliýa, Fransiýa, Norwegiýa we Awstraliýa degişli 15 ýurt, 11 sebit (adalar) bar.

Sanawda Türkmenistan we Täjigistan bilen birlikde Komor, Kiribati, Lesoto, Marşal adalary, Mikroneziýa federal döwletleri, Nauru, Palau, Süleýman adalary, Tongo, Tuwalu, Wanuatu we Demirgazyk Koreýa ýaly ýurtlar bar.

Hasabata görä, sanawdaky käbir ýurtlaryň Korona epidemiýasyny ýapmagy we resmi maglumat bermezligi ähtimal.Şeýle-de bolsa, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri Koronanyň Türkmenistanda we Täjigistanda ýokdygyny tassykladylar.

Türkmenistanda we Täjigistanda, hatda goňşy ýurtlarda korona keseli bolan adamlar bilenem düýpli çäklendirmeler ýok.