Türkmenistanyň Owganystana iberen ynsanperwer kömekleri Talyban tarapyndan ýok edildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i7583-türkmenistanyň_owganystana_iberen_ynsanperwer_kömekleri_talyban_tarapyndan_ýok_edildi
Owganystanyň demirgazygyndaky Farýap häkiminiň metbugat sekretary Talyban agzalarynyň Türkmen hökümetinden Owganystana iberilen ynsanperwer kömegini ýok edendigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 12, 2020 16:39 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Owganystana iberen ynsanperwer kömekleri Talyban tarapyndan ýok edildi

Owganystanyň demirgazygyndaky Farýap häkiminiň metbugat sekretary Talyban agzalarynyň Türkmen hökümetinden Owganystana iberilen ynsanperwer kömegini ýok edendigini aýtdy.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Sişenbe güni Farýab welaýatynyň häkiminiň metbugat sekretary Jawed Bidar "Talyban" agzalarynyň Türkmenistan döwletiniň Owganystanda koronadan zyýan gören ilata ýollan azyk önümlerini Farýap welaýatynyň Shirin Tagab etrapynda ýok etdiler diýip yglan etdi.

sişenbe güni Owganystanyň Saglygy goraýyş ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda 281 wirusly adamyň tapylandygyny habar berdi we wirusa ýokaşan adamlaryň sanyny takmynan 5000-e ýetirdi.

Mundan başga-da, Owganystandaky koronawirusdan 127 adam öldi.