Türkmenistan bilen Owganystanyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeş boldylar
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i7729-türkmenistan_bilen_owganystanyň_prezidentleri_telefon_arkaly_söhbetdeş_boldylar
Türkmenistanyň we Owganystanyň prezidentleri telefon arkaly ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 28, 2020 12:04 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Owganystanyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Türkmenistanyň we Owganystanyň prezidentleri telefon arkaly ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

FARS habarlar gullugynyň Bişkekden beren habaryna görä,Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow ikitaraplaýyn syýasy, söwda, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekdi.

Şeýle hem Aşraf Gani Türkmenistanyň Owganystan üçin alyp barýan haýyr-sahawat we parahatçylykly tagallalaryna minnetdarlyk bildirdi.

iki tarap şeýle-de koronawirusynyň ýaýramagyndan soň bilelikdäki energiýa we saglyk taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy.