Özbegistan bilen Türkmenistanyň prezidentleri iki taraplaýyn gatnaşyklay pugtalandyrmak barada gürrüň etdiler
Özbegiýanyň prezidenti Şawkat Mirziýew we türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdymuhamedow telefon arkaly söhbetdeşlikde gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny aýtdylar.
FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Sişenbe güni geçirilen telefon söhbetdeşliginde Şawkat Mirziýew we Gurbangoly Berdymuhammedow söwda, senagat, energiýa, oba hojalygy, ulag we syýahatçylyk ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny aýtdylar.
Iki tarap şeýle hem ikitaraplaýyn hökümetara komissiýanyň çäginde bilelikdäki maksatnamalaryň döredilmegi we serhetýaka sebitlerde netijeli aragatnaşygyň dowam etmegi we iki ýurduň arasynda bilim we medeni alyş-çalyşlaryň giňelmegi barada pikir alyşdy.
Özbegistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri şeýle hem koronawirusa garşy göreşmek üçin iki ýurduň arasynda dialog we ýakyn utgaşygyň bolmagyny islediler.
2019-njy ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda öňki ýyl (2018) bilen deňeşdirilende 78% ýokarlanyp, 541 million dollara ýetdi.