Özbegistan bilen türkmenistanyň resmileriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde korona epidemiýasyna garşy göreşmek we hyzmatdaşlyk etjekdiklerini aýtdylar.
"Fars" habar gullugynyň habaryna görä Özbegistanyň prezidenti Şukat Mirziýýow we Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow söwda, senagat, oba hojalygy, energiýa, ulag we üstaşyr geçiş, sebitara gatnaşyklar we medeni maksatnamalar boýunça özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Özbegistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri şeýle-de ýetip gelýän GDA sammitine taýýarlykgörmek barada pikir alyşdylar.
Türkmenistan döwleti şu wagta çenli “kovid-19” keseline duçar bolan adamlaryň bu ýurtda ýokdygyny habar beren bolsada, ýöne bu ýurtda maskalary ulanmagyň zerurlygyny nygtap söwdagärleriň we ulaglaryň işine çäklendirmeleri ýola berip durandyr.
2019-njy ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 78% ýokarlanyp 541 million 900 müň dollara ýetdi.
Türkmenistan Özbegistanyň garaşsyzlygyny 1993-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda ykrar etdi.