Türkmenistan Owganystana iberýän elektrik toguny gymmatlatdy we togtatdy
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i1157-türkmenistan_owganystana_iberýän_elektrik_toguny_gymmatlatdy_we_togtatdy
Türkmenistan Owganystana iberýän elektrik toguny iki esse gymmatlatdy we togtatdy.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Jan 05, 2018 16:15 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan Owganystana iberýän elektrik toguny   gymmatlatdy we togtatdy

Türkmenistan Owganystana iberýän elektrik toguny iki esse gymmatlatdy we togtatdy.

Owganystanyň “ 1tv news” neşiriniň habar bermegine görä, Türkmenistan 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryna iberýän elektirk togunyň bahasyny iki esse gymmatlatdy. Eger-de ozal 1 kilowat tok $0,02 (2 amerikan senti) bolan bolsa, Türkmenistan täze ýyldan eýýäm 1 kilowat tok üçin $0,04 soraýar.

Bu barada demirgazykdaky owgan welaýaty Hyratyň wekilleri gürrüň berdiler we ilatyň import edilýän toguň bahasynyň gymmatladylmagyna garşy kampaniýa gatnaşmaga çagyrdylar.

Owganystanyň hökümeti şertnamany täze şertlerde baglaşmakdan ýüz öwürdi we türkmen tarapy şu sebäpden Hyrat, Farýap, Sari-Pul we Jowuzjan welaaýatlaryna tok ibermegini bes etdi.

Ejir çeken regionlary tok bilen üpjün etmek üçin bu ýere wagtlaýyn Eýrandan alynýan elektrik togunyň bir bölegi gönükdirildi.

“Pajwok” habar agentliginiň maglumatyna görä, Farýap welaýatynyň ýaşaýjylary owgan hökümetini ýurduň suw serişdelerini ulanyp, Owganystanda gidro elektrik stansiýasyny gurmaga hem-de import edilýän elektrik energiýasyna garaşlylykdan çykmaga çagyrýarlar.

 

 

Mundan ozal  Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda energetika we transport ugurlarynda möhüm hyzmatdaşlyk edilýärdy. Türkmenistan Owganystana elektrik toguny eksport edýar. Şeýle-de “Halkara Aziýa Demirýoly” taslamasy atlandyrylýan “Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan Demirýolunyň” Türkmenistandan geçýän bölegi bilen 3 kilometri Owganystanyň serhetleriniň çäginde ýerleşýän 88 kilometrlik ilkinji tapgfyry Türkmenistanyň Lideri Berdimuhamedowyň we Owganystanyň Prezidenti Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda geçen ýylyň noýabr aýynda açylypdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden berilen maglumata görä iki ýurduň wekiliýetleriniň arasyndaky gepleşiklerde; energetika, transport we ynsanperwerlik ugurlarynda hyzmatdaşlyk bilen Türkmen-Owgan serhet howpsyzlygy we serhet ýakasynda durnuklylygy üpjün etmek üçin görüljek çäreleri seljerildi.