Aýatolla Homeýni(r.a)niň ýolbaşçylygynda yslam rewolýusiýasynyň ýeňmegi. EYR-ň döremegi(2-njy bölüm)
Özgerdişler ýolunyň tarapdarlary bolsa bu zatlary üýtgewsiz galdyrmagyň jemgyýeti durgunlylyga eltjekdigine düşünýärler.
1989-njy ýyldan başlap ýurt uzak möhletleýin maksatnamalar boýunça ösdürilip başlandy. Halk hojalygyny ösdürmegiň birinji birinji bäşýyllyk maksatnamasy 1989-1994-njy ýyllary öz içine aldy. Bu döwürde puluň hümmetsizlenmeginiň derejesi kemeldi. Önümçiligiň pese gaçmagynyň öňi alyndy. Rafsanjany döwlet pudagyna garanda has köp girdeji getirýän hususy pudaga has giň erkinlik bermäge çalyşdy. 1992-nji ýylda 460 sany döwlet kärhanasyny satmak bellenildi. Bazar gatnaşyklarynyň ornaşdyrylmagy 1990-njy ýylda döwlet pudagynda 14% ösüş gazanmaga mümkinçilik berdi.
Erkin ykdysady zonalar Eýranyň durmuşynda täze ädimdir. 90-njy ýyllaryň başynda Pars aýlagyndaky Kiş we Keşm adalarynda şeýle zonalaryň düýbi tutuldy. Bu sebitler Eýranyň beýleki ýerleri bilen deňeşdirende tiz ösdi.
Nebit hakda agzamazdan, Eýran ykdysadyýetiniň hakyky keşbini açyp görkezmek mümkin däl. Nebit ýurduň walýuta girdejisiniň 95%-tini üpjün edýär. Eýran nebit satýan döwletleriň guramasynyň (OPEK) esasy agzalarynyň biridir.
Daşary ykdysady aragatnaşyklary. Eýranyň daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklarynda hem nebitiň ähmiýeti ýokarydyr. Ýaponiýa EYR-yň esasy söwda hyzmatdaşy bolmagynda galýar. Ol Eýrana polat, awtoulag, dokma önümlerini, stanoklary we enjamlary iberýär. 80-nji ýyllaryň ahyrynda Eýranda daşary ýurtlaryň kömegi bilen gurlan 30 binanyň 16-sy ýaponlaryň paýyna düşýär. Awstraliýa Eýrana oba hojalyk harytlaryny eksport edijidir. Bender-Abbasda ispanlaryň gatnaşmagynda gämi zawody guruldy. Italiýa Kengan-Gazwin aralygyndaky gaz geçirijiniň gurluşygyna gatnaşdy. Russiýa hem Eýranyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Asyryň ahyrynda rus hünärmenleri Buşir şäherinde atom elektrostansiýasynyň gurluşygyna gatnaşdylar.
Eýranyň teklibi bilen 1985-nji ýylda sebitara hyzmatdaşlygynyň guramasy bolan EKO-nyň işi (Eýran, Türkiýe, Päkistan) gaýtadan janlandyryldy.
Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy. Türkmenistanyň prezidenti S.A.Nyýazowyň 1991-nji ýylyň 8-11-nji sentýabrynda EYR-a bolan ilkinji resmi sapary türkmen-eýran gatnaşyklarynda esasy ugur alyş wakasy boldy. Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy esasan söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda alnyp barylýar.
Sarahsda, Artykda, Howdanda, Güdrüolumda açylan ýönekeýleşdirilen serhetden geçiş nokatlary söwda gatnaşyklarynyň ösmegine giň mümkinçilik açdy.
Diňe 1997-nji ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 150 mln. dollara barabar boldy. Türkmenistanda 88 sany önüm öndürýän, gurluşyk bilen meşgullanýan türkmen-eýran kärhanalary, söwda firmalary uly işleri edýärler. XX asyryň ahyrynda Eýran firmalary bilen jemi 533 million dollara barabar 16 sany senagat kärhanalaryny we beýleki binalar gurulýar.
1998-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli iki döwletiň arasynda 120 sany döwletara we hökümetara şertnamasyna gol çekildi. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoly ulanmaga berildi. “Dobral” ýol gurluşyk kompaniýasy Aşgabat-Gökdepe aralygyndaky gara ýoluň durkuny täzeledi. Asyryň ahyrynda ol Gökdepeden Türkmenbaşy şäherine çenli ýoluň durkuny täzelemek işlerine girişdi.
Eýran sebitde parahatçylygy pugtalandyrmagyň tarapdarydyr. Ol EKO we Hazarýaka döwletlerine işjeň hyzmatdaşlygy teklip edýär. Ol Owganystandaky dawanyň gepleşikler arkaly çözülmelidigine ynanýar.