Owganystanyň parlament saýlawlary hakda
Owganystanyň milli birleşik döwletiniň ýerine ýetiriji başlygy Abdolla Abdolla,ses berjek adamlaryň at ýazdyrmak işleri üstünlikli bolmasa ,bu ýurduň syýasy ýagdaýy kynçylyga düşjekdir diýdi.
Owganystanyň milli birleşik döwletiniň ýerine ýetiriji başlygy Abdolla Abdolla,ses berjek adamlaryň at ýazdyrmak işleri üstünlikli bolmasa ,bu ýurduň syýasy ýagdaýy kynçylyga düşjekdir diýdi. Abdolla Abdolla Owganystanyň ministrler şurasynyň adatdan daşgary oturşygynda beren gürrüňlerinde ,bu ýurtda prezident,parlament we şura saýlawlara goşulmak üçin diňe at ýazdyran adamlar ses berip bilýär diýdi.ol şeýlede ,mundan ozal saýlawlar komitetiň tarapyndan dogurlanan ses bermekligiň karty,indi ygtybardan gaçandyr we şol kartlar bilen indi hiç kim saýlawlara goşulyp bilmeýär diýip sözlerine goşdy.Owganystanyň bu ýokary derejeli resmisi,2014-njy ýylda bu ýurtda geçirlen prezident saýlawlarda bolan gürrüňleriň,ilatyň,saýlawçylyk organlara ynamsyz bolmaklaryna sebäp bolandygyna yşarat edip,ses berjek adamlaryň at ýazdyrmaklary gelejegki saýlawlarda ýaýbaň galplyk bolaýmagynyň öňüne geçilmeginiň iň gowy ýoly dyr diýip sözlerine goşdy. Abdolla Abdolla ses berjek adamlaryň adlarynyň ýazylmaklary uguryndaky işleriň ähtimalleýin ýeňilaýmagy barada beren gürrüňleri şeýle bir ýagdaýda aýdylandyrb welin käbir çeşmeler,Owganystanyň ilatynyň,parlament saýlawlara we dürli welaýatlarda geçiriljek şura saýlawlara ses bermekde at ýazdyrmaklygy onçakly garşy almaýandyklaryny habar berýändirler. Owganystanyň parlament we şura saýlawlary 2018-njy ýylyň oktýabr aýynda geçiriljekdir. Owganystanyň milli birleşik döwletiniň ýerine ýetirji başlygy Abdolla Abdollaň düýdüriş bermegigelejegki parlament we şura saýlawlarda bu ýurduň gabaat geläýjek uly kynçylyklaryna yşarat edilmegi bolýandyr.Owganystanyň saýlawlar kanuny boýunça,bu ýurtda ses berip bilýän adamlar,saýlawlara goşulmaklary üçin at ýazdyrmalydyrlar.bu işleriň maksaty hem ses berjek adamlaryň sanlarynyň bilmegi we şeýlede dalaşgärleriň atlary ýazylýan ses kagyzlaryň mukdarynyň belli bolup mezenne şol mukdarda taýýarlyk görilmegidir.elbetde bu işiň möhüm maksatynyň,saýlawlaryň aýdyň geçirilmegi we kalblyk bolaýmagynyň öňüne geçilmegi bolaýan bolmagyda mümkindir.o näme Owganystanyň geçen prezident saýlawlarynda köp gürrüňler bolandyr.Owganystanyň syýasy eksperti Şärif Naderzada,şu hakda beren gürrüňlerinde ,saýlawçylyk komitetler,saýlawlaryň aýdyň geçirilmeginiň ,ilatyň hakyky wekilleriniň parlamentde bolmaklaryna sebäp bolýandygyny we bu işiň ,il salar hükümetiň berkemegine şeýlede sebitdäki oýunlaryň we terrorçylykly howplaryň azalmaklaryna baryp baryp çatýandygyny düşünmelidirler diýdi.terrorçy DAEŞ toparyň Owganystanyň paýtagty Kabuldaa ses berjek adamlaryň atlaryny ýazýan merkezleriň birisine geçen ýekşenbe güni eden hujumy,Abdolla Abdollaň bu ýurduň gelejegki saýlawlarynyň garşysyndaky howplary dogry çak edenliginiň nyşanasy bolandyr