Talyban türkmen serhedine golaýlaýar
Owganystanyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän ýene-de bir etraby talyplaryň kontrollygyna geçdi
Demirgazyk Owganystanda iki etrap “Talyban” hereketiniň kontrollygyna geçdi, olaryň biri Farýap (Türkmenistan bilen araçäkleşýär) welýatyndaky Bilçirag, beýlekisi Baglan welaýatyndaky Tala Wa Barfak diýip, Fergana habar gullugy ,TOLOnews neşirine salgylanyp habar berýär.
“Talyban” Tala Wa Barfak etrabyny basyp alandygyny 8-nji maýda yglan etdi. Baglanyň welaýat geňeşiniň başlygy Safdar Mohseni talyplar hüjüm edeninden soň 100-e golaý adamyň, şol sanda emeldarlaryň, etrap başlygynyň we etrap polisiýasynyň ýolbaşçysynyň dereksiz ýitendigini habar berdi. Talyplar söweş wagtynda alty sany harby gullykçyny öldürdiler, 13 harbyny ýesir aldylar, transport serişdeleriniň hem käbiri olaryň eline geçdi.
Şol gün, birnäçe sagada çeken çaknyşyklardan soň, Farýabyň Bilçirag etraby hem talyplaryň kontrollygyna geçdi. 9-njy maýda bu habary anonim şertde gürleşen resmi, welaýat geňeşiniň agzasy hem tassyk etdi. Bu waka söweşijiler güýç gurluşlarynyň postuna hüjüm edenlerinden soň boldy. Etrapda 10 sany ilatly nokat, 20 sany kontrol nokady ýerleşýär.
Bilçirag bilen serhetleşýän Gorziwan etraby hem talyplaryň eline geçmegiň öň ýanyndaky agyr ýagdaýda dur diýip, etrap ýolbaşçysy Abdul Samad Gurziwani duýdurdy. Söweş çaknyşyklary bu etrabyň territoriýasyna hem geçdi. “Eger-de güýç gurluşlary bu ýagdaýa üns bermese, etrap Talyplara geçer” diýip, Gurziwani aýtdy.
Ýatladýarys, 2017-nji ýylyň iýulynda Talyplar Farýab welaýatynyň Kohistanat etrabyny we Gor welaýatynyň Taýwara etrabyny basyp aldylar..
Şeýlede Ýatladýarys Owganystanyň Türkmenistan bilen araçäklerinde “Yslam döwleti” toparynyň agzalary hem bar, olaryň barlygy diňe bir ekstremist toparyň howpsuzlyga haýbat atýanlygy üçin däl, eýsem Orsýetiň we Orta Aziýaly beýleki goňşularyň Türkmenistandan, “türkmen-owgan serhedinde hiç hili mesele ýok” diýip ýaýradýan beýanatlaryndan başga, has içgin çäreleri talap edip başlajakdyklary üçin Türkmenistany azara goýar.