“Talyban” söweşijileri TOPH gaz geçirijisine hüjüm etdiler
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i3010-talyban_söweşijileri_toph_gaz_geçirijisine_hüjüm_etdiler
Owganystanyň gündogaryndaky Kandagarda näbelli adamlaryň hüjümi netijesinde azyndan bäş mina gözleýji öldürildi diýip,TOLO news habar berýär. Mina gözleýjiler TOPH gaz geçirijisiniň geçjek ýerlerini minadan arassalamak bilen meşgullanýardy
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
May 28, 2018 12:00 Asia/Ashgabat
  • “Talyban” söweşijileri TOPH gaz geçirijisine hüjüm etdiler

Owganystanyň gündogaryndaky Kandagarda näbelli adamlaryň hüjümi netijesinde azyndan bäş mina gözleýji öldürildi diýip,TOLO news habar berýär. Mina gözleýjiler TOPH gaz geçirijisiniň geçjek ýerlerini minadan arassalamak bilen meşgullanýardy

Regionyň polisiýa gullugynyň başlygy Abdul Razik hüjüm edenleriň “Talybanyň” agzalary bolandygyny aýtdy. Emma, “Talyban” toparynyň wekilleri häzirlikçe bu hadysa barada hiç bir beýanat etmediler we hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne almadylar.

“Talybanyň” söweşijileri mundan bir hepde owal TOPH-yň geçjek ýeri bolan Farh welaýatyna hüjüm etdiler.

Tebigy serişdelere gözegçilk boýunça halkara toparynyň başlygy bu wakadan soň Owganystanyň hökümetiniň gaz geçirijiniň howpsuzlygyny üpjün edip biljekdigine şübhe bildirdi.

Ýatladýarys, Türkmenistanda IX Halkara gaz kongresi gecirildi.

Mejlisiň dowamynda TOPH gaz geçüirji kompaniýasy konsorsiumynyň başlygy Muhammetmyrat Amanow Türkmenistanyň gaz geçirijiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin serişde toplamagy üstünlikli tamamlamaga golaý gelendigini aýtdy diýip,Reuters habar berýär.

Amanowyň sözlerine görä, malileşdirmek üçünji çärýekde geljekki üç-dört aýda üstünlikli tamamlanýar. Kompaniýa birnäçe kredit agentligi, şol sanda Italiýanyň SACE, Fransiýanyň  Hermes we Gresiýanyň ECIO agentlikleri bilen gepleşik alyp barýar.

Konsorsiumyň başlygy näçe möçberdäki serişdäniň toplanylandygyny anyklaşdyrmady. Şeýle-de gaz geçirijiniň howpsuzlygy bilen bagly bolup biljek problemalary agzamady.

Öň hem Owganystanda “Yslam döwleti”-nyň peýda bolandygy üçin Putin TOPH-yň üstünlikli boljagyna şübhe bildiripdi.

Putiniň pikirine görä, ýagdaýy agyrlaşdyrýan we seresap bolmaga itekleýän element Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň peýda bolmagy we eýýäm, “Talyban” bilen gapma-garşy durmaga başlamagy.

Ýatladýarys, 2017-nji ýylyň noýabrynda Wladimir Putiniň Eýrana sapary mahalynda “Gazprom” bilen Eýranyň milli nebit kompaniýasynyň (NIOC) arasynda Eýrandan Pakistanyň üsti bilen Hindistana gaz geçiriji gurmagyň tehniki-ykdysady esaslaryny (TYE) taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy.

Eýran-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi TOPH gaz geçiriji proýektine basdaş bolup durýar.