Talyplar Türkmenistan bilen serhetde 30 harbyny öldürdi.
“Talyban” hereketiniň söweşijileri 20-nji iýunda Türkmenistan bilen serhetleşýän badhyz welaýtynda harby bazany ele geçirdiler. hüjüm wagtynda 30 sany owgan esgeri öldürildi diýip, Reuters habar ganetligi habar berýär.
Mundanam başga, regionda barlag nokatlarynyň birnäçesine hüjüm edildi we netijede owgan howpsuzlyk güýçleri ýene dört harbyny ýitirdiler we 15 talyp söweşijisini öldürdiler
Welaýat gubernatory Abdul Aziz Bekiň gürrüň bermegine görä, hüjümler Oraza baýramy mynasybetli yglan edilen üç günlük ýaraşyk wagtynda planlaşdyryldy.
Türkmenistan bilen Owganystanyň serhetinde Talyplar geçen aýlarda bir näçe hüjümleri ýola goýdylar.
Emma aýtmak gerek ,2018-njy ýylyň fewralynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berildi.Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hemTürkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi.
Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda teleköpri geçirilip, onuň üsti bilen bu ýere ýygnananlar TOPH energiýa geçirijisiniň nobatdaky böleginiň iki polat turbalarynyň seplenilişiniň kebşirlenilişine, elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulyşynyň başlanyşyna syn etdiler.
Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabr aýynda badalga berildi. Uzynlygy 1840 kilometre ýetiriljek gaz geçiriji doly ulanmaga berlenden soň, ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik dörär.
Şeýlede ,bir näçe aý mundan ozal Wladimir Putin TOPH-yň üstünlikli boljagyna şübhe bildirdi.
Putiniň pikirine görä, ýagdaýy agyrlaşdyrýan we seresap bolmaga itekleýän element Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň peýda bolmagy we eýýäm, “Talyban” bilen gapma-garşy durmaga başlamagydyr.