Prezident Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda BMG-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşar
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i3516-prezident_berdimuhamedow_nýu_Ýorkda_bmg_nyň_baş_assambleýasyna_gatnaşar
31-nji iýulda, Ministrler kabinetiniň mejlisinde DIM-niň başlygy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
(last modified 2026-02-01T04:57:28+00:00 )
Aug 02, 2018 10:19 Asia/Ashgabat
  • Prezident Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda BMG-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşar

31-nji iýulda, Ministrler kabinetiniň mejlisinde DIM-niň başlygy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Prezident Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, Türkmenistan parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýar.

Ýatladýarys, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow soňky gezek 2015-nji ýylda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynda çykyş edipdi.

 Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlygyny has-da giňeldýär şeýle-de BMG-niň işjeň agzasy bolup çykyş edýär. Daşky gurşawy goramak boýunça BMG-niň Maksatnamasy (UNEP) we BMG-niň Azyk we oba hojalyk maksatnamasy (FAO) ýaly guramanyň sebitleýin we sebitasty edaralaryny Aşgabatda döretmek babatda döwletiň aýdyň pozisiýasyny görkezýän Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy muňa anyk subutnama bolup durýar. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen Türkmenistanyň gatnaşygy bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy parahatçylygyň esaslarynyň we howpsuzlygyň berkidilmegine we bütindünýa ösüşine gönükdirilen Türkmenistan bilen BMG-niň strategiki hyzmatdaşlygynyň möhüm jähtidir. Bu ugruň ähli jähtleriniň möhümligini nazara alyp, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen, Türkmenistan we UNESCO ylym we bilim,ýurduň taryhy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak, ekologiýa we tebigaty goraýyş ulgamlarynda birnäçe taslamalary durmuşa geçirdiler. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ähliumumy maslahata bagyşlanan "Ähliumumy durnukly ösüş ulgamynda ulagyň ähmiýeti" atly BMG-niň 1-nji talyp modeli geçirildi. BMG-niň modeli talyplaryň Birleşen Milletler Guramasynyň edaralarynyň işini ýerine ýetirýän pursatlaryny janlandyrýar. BMG-ä agza ýurtlaryň resmi wekilleriniň we onuň komitetleriniň gün tertibinde durýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gelen halkara guramalaryň agzalarynyň keşbini ýerine ýetirdiler. Modele gatnaşýan talyplar maglumatlardan habarly bolmalydyr hem-de gün tertibiniň meseleleri boýunça komitetiň iş dilinde öz omuny ynandyryjy beýan etmelidir. Komitetleriň maksady bolsa goýlan mesele boýunça kararnama kabul etmekden ybaratdyr. Foruma diňe Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary däl- de, Daşary Işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň şeýle-de Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary gatnaşdylar. Şeýle-de BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun talyp modeli-2016-a gatnaşyjylara gutlag hatyny iberipdir. Şeýle taryhy wakalaryň biri hem 2015-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistana   resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň şol wagtda Baş sekretary Pan Gi Munuň arasynda gepleşikler geçirildi. Belent mertebeli myhman Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine baryp gördi. BMG-niň ýörelgelerini öňe ilerletmäge we Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de giňeltmäge goşan şahsy goşandy üçin BMG-niň Baş sekretaryna bu ýokary okuw mekdebiň hormatly doktory diýen dereje berilmegi esasy şanly waka boldy. Belent mertebeli myhman öz gezeginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine BMG-niň " Akademiki täsir hereketi" atly ähliumumy ösüş başlangyjyna goşulýandygyny alamatlandyrýan ýörite sertifikat gowşurdy.