Türkmenistan,fransuz şereketler bilen hyzmatdaşlyklaryny ösdürýär
Türkmenistan,fransuz şereketleri bilen şol sanda “Sifal” we “Winçi” kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyklaryny ösdürýär
Kompaniýalaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa fransuz diline terjime edilen “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen kitaby sowgat berip, Türkmenistanyň Prezidenti bu düýpli işiniň olaryň watandaşlaryna milli-medeni özboluşlylyk, türkmen halkynyň däp-dessurlary we durmuş kadalary bilen tanyşmaga, şeýle hem türkmenleriň dünýäniň ylmy-ykdysady we medeni ösüşine goşan goşandyna baha bermäge mümkinçilik berjekdigini bellediler.
Fransiýa — Türkmenistan Söwda palatasyna hem baştutanlyk edýän Žil Reminiň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda türkmen Lideriniň bu eseri ýokary baha mynasyp boldy hem-de Türkmenistanyň taryhda we häzirki döwürde sebitde nähili uly orun eýeleýändigine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Myhmanlar duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny berkitmäge hem-de ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine öz kompaniýalarynyň ýokary gyzyklanma bildirýändigini bellediler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak we düýpli döwrebaplaşdyrmak ýörelgesine eýerip, ýurduň daşary ykdysady aragatnaşyklary has-da giňeltmek strategiýasyny amala aşyrýandygyny nygtady.
Şunda binagärlik we gurluşyk ulgamynda öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini çekmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halkara gurluşyk bazarynda öňdebaryjylar bolup durýan “Sifal” we «Winçi Konstruksýon Gran Prože” fransuz kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasyna işjeň gatnaşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda bilelikde işlemegiň toplanan oňyn tejribesini nazara alyp, hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Myhmanlar köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň netijeliligini artdyrmak hem-de ony has-da ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri belläp, şunuň ýaly oňyn gatnaşyklaryň diňe türkmen Lideriniň ynamly alyp barýan daşary syýasat ýörelgesi netijesinde mümkin bolandygyny nygtadylar. Şol ýörelgäniň möhüm ugry Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr.
Ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk düzümleri, gurluşyk pudagy işewür gatnaşyklaryň esasy ugurlary hökmünde agzaldy. Işewürler milli we sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassyklap, birnäçe anyk tekliplerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti fransuz hyzmatdaşlaryň gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirilen işewür çemeleşmelerini kanagatlanma bilen kabul edip, ony ösdürmek üçin Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli taslamalar we maksatnamalar babatda giň gözýetimleriň açylýandygyny belledi. Şol maksatnamalaryň hatarynda önümçilik we ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, şähergurluşyk ulgamy bar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti bu babatda hil ölçegleriniň üpjün edilmelidigine we işleriň şertnamada bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi.
Işewürler bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, türkmen tarapynyň öňe sürýän talaplaryna pugta eýermegi maksat edinýändiklerini nygtadylar hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.