Eýranyň , Ýewropalylaryň oýunlaryna beren gaýtawuly.
(last modified Wed, 22 Jan 2020 20:53:27 GMT )
Jan 23, 2020 01:53 Asia/Ashgabat
  • ظریف
    ظریف

Amerikanyň 2018-nji ýylyň maý aýynda ýadro ylalaşykdan çykyp Eýrany güýçli sanksiýalara salmagy we 4+1 toparyň Ýewropaly agzalarynyň hiç bir işi etmändikleri bilende Eýran , strategik sabyrly bolmak syýasatynyň çarçuwasynda , Ýewropalylara ýadro ylalaşykdaky borjlarynda tapylmaklary üçin bir ýyl pursat berdi.

Amerikanyň 2018-nji ýylyň maý aýynda ýadro ylalaşykdan çykyp Eýrany güýçli sanksiýalara salmagy we 4+1 toparyň Ýewropaly agzalarynyň hiç bir işi etmändikleri bilende Eýran , strategik  sabyrly bolmak syýasatynyň çarçuwasynda , Ýewropalylara ýadro ylalaşykdaky borjlarynda tapylmaklary üçin bir ýyl pursat berdi.

Soňraky tapgyrda Tähran 2019-nji ýylyň maý aýndan , ýadro ylalaşykdaky borjlaryny ýuwaş ýuwaş azaldyp şu ýolda 5 gadamyny artdy. Ýewropa Troeikasy bolsa şeýle meseläň bahanasy bilen, ýadro ylalaşykdaky agyz alalyklary çözmek boýunça mehanizmi aktiw edendir. Bu iş , Eýranyň ýadro dosýesiniň howpsyzlyk şora iberilip BMG-yň Eýrana garşy sanksiýalarynyň ýaňadan ýola berilmeklerine sebäp bolup bilýändir. Şonyň üçin hem Tähran oňa güýçli gaýtawul berdi. Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif , ýanwaryň 21-nde aýdyň duýduryş berip , egerde ýewropalylar , bu işlerini dowam etseler ýa da Eýranyň dosýesini howpsyzlyk şora iberseler. NPT peýmandan çykjakdyrys diýip yglan etdi. Zarif , Eýranyň daşary işler ministrliginiň , ýadro ylalaşyk baradaky agyz alalyklary çözýän mehanizmiň  aktiwleşdirilmegi barada Ýewropaly ýurtlaryň soňky wagtlarda tutan tutumyny hukuky ýoldan yzarlaýandygyny aýdyp , Eýran Yslam Respublikasy, agyz alalyklaryň nä hilli çözülmekleri baradaky gürrüňini Amerikaň ýadro ylalaşykdan çykmagyndan soň 2018-nji ýylyň maý aýyndan şu tärde başlandyr diýdi. Ýewropa Troeikasynyň agzalary , bu işleriniň maksadyny Eýranyň ýaňadan sanksiýalara salynmagy däldigini eýsem ýadro ylalaşygy gutuldyrmaklyga ýol tapmaklarynyň yzyndadyklaryny şol  beýan namada toslandyrlar. Olar bu tutumlarynyň maksadynyň BMG-yň tarapyndan Eýranyň ýaňadan sanksiýalara salynmagy däldir digini eýsem Eýranyň ýadro ylalaşykdaky borjlarynda tapylmak işine dolanmagy üçin Eýran bilen geňeşmek arkaly ýadro ylalaşygy goramaklarynyň yzyndadyklaryny toslaýandyrlar. Emma Tähranyň garaýşyndan Ýewropalylaryň bu işine hiç bir mätäçlik ýokdyr, o nämä bu işler , diňe agyz alalyklaryň we dartgynlylyklaryň köpelmeklerine baryp çatýandyr. Bu zat bolsa gaty howplydyr we onyň gaty ýaramaz yz gelimleri bolup biljekdir. Zarif , şu ýerlikde beren gürrüňlerinde Ýewropalylaryň aýdan gürrüňleri asla kanuny däldir, şonyň üçin biz olaryň etýän işleriniň kanuny däldigini aýdyp onyň garşysynda durýarys. Egerde  Ýewropalylar başka bir iş etseler , prezidentiň 2019-nji ýylyň maý aýyndaky haty boýunça , Eýranyň NPT peýmandan çykmak meselesi ara atylýar diýdi.Ýewropa Troeikasy , soňky wagtlarda Eýranyň ýadro ylalaşykdaky borjlaryny azaltmagyny ýazgaryp , Eýranyň bu işini dowam etmekden saklanyp öňki ýagdaýa dolanmagyny isledi. Ýewropalylar , Eýranyň öz milli bähbitleri ugurunda , ýadro ylalaşygy ýerine ýetirmegini kabul edendigini we Amerikaň bu ylalaşykdan çykyp Eýrany ýaňadan sanksiýalara salan zamanynda 4+1 toparyň agzalarynyň  ylaýtada Ýewropalylaryň ýadro ylalaşykdaky borjlarynda tapylmagyna garaşanlygyna üns beren däldirler. Eýranyň isleýän zady bolsa , Ýewropalylaryň , Amerikaň Eýrana garşy sanksiýalarynyň ýetirýän zyýanlaryny azaldyp Inesteksiň çarçuwasynda Eýran bilen ykdysady we nebit söwdalaryny dowam etmekleridir. Halk ara meseleleriň bilermeni Säeid Mohammadiň aýtmagyna görä , ýadro ylalaşygynyň gutuldyrylmagy ugurunda Ýewropaň gadam artmagyndan ozal , Eýranyň , öz bütin borjlaryna boýun bolmagyny islemek , mantyka laýyk isleg däldir. Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif şu ýerlikde beren gürrüňlerinde , Tähranyň , ýadro ylalaşykdaky borjlaryny azaltmagy ýolunda 5 gadam ardandygyny we indi başka gadamy artmakçy däldigini aýdyp , egerde Ýewropalylar öz borjlarynda tapylsalar Eýran hem öz borjlaryny azaltmak işlerini togtatjakdyr , emma egerde Ýewropalylar syýasy oýunlar boýunça bolýan işlerini dowam etseler biziň hem durly mümkinçiliklerimiz bardyr diýdi. Zarif şu ýerlikde Yslam Eýranyň prezidenti Häsan Ruhaniň ýazan hatyna yşarat edendir. Egerde Eýran meselesi howpsyzlyk şora iberilse , Eýranyň NPT peýmandan çykmak meselesi ara atyljakdyr. Emma ondan ozal , başka işleri , iş buýrukda goýup bolýar diýip , prezidentiň ýazan hatynda getirlendir. Hakykatda Eýranyň daşary işler ministriniň ynamyna görä , 4+1 toparyň ýewropaly agzalary bilen Eýranyň arasyndaky durmuşky agyz alalyklaryň ýiti we howply tapgyra ýetmeginden ozal , gowysy Ýewropalylar durmuşky boluşlaryna ýaňadan oýlanyp , Eýranyň hem garşylykly işi etmeginiň öňine geçmekde ýadro ylalaşykdaky borjlaryny çynlakaý we täsirli ýerine ýetirmelidirler.