Eýranyň Daşary işler ministriniň uly kömekçisi Başar al-Assad bilen duşuşdy
(last modified Wed, 10 Feb 2021 15:12:10 GMT )
Feb 10, 2021 20:12 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministriniň uly kömekçisi Başar al-Assad bilen duşuşdy

Eýranyň Daşary işler ministriniň uly kömekçisi Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşdy.

Çarşenbe güni IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň uly kömekçisi Ali Asghar Haji we Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad iki ýurduň arasyndaky strategiki gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alyşdy we günbataryň birtaraplaýyn sanksiýalaryny ýeňip geçmek üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, esasanam ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministriniň uly kömekçisi we Siriýanyň prezidenti, Siriýanyň esasy kanunyny barlamak komitetiniň Ženewada geçirilen mejlislerine syn berdiler we geňeşiň ozal ylalaşylan düzgünlere laýyklykda daşarky päsgelçiliksiz işini dowam etdirmeginiň zerurdygyny aýtdylar.

Duşuşykda Siriýada, Eýranda we sebitdäki soňky wakalar hem gözden geçirildi.