Ysmaýyl Haniýe: Palestina saýlawlaryny yza süýşürmek Palestinalylaryň syýasy hukuklarynyň konfiskasiýa edilmegidir
(last modified Sat, 01 May 2021 07:32:50 GMT )
May 01, 2021 12:32 Asia/Ashgabat
  • Ysmaýyl Haniýe: Palestina saýlawlaryny yza süýşürmek Palestinalylaryň syýasy hukuklarynyň konfiskasiýa edilmegidir

Palestina Yslam çydam Hereketiniň (Hamas) syýasy gullugynyň başlygy saýlawlaryň yza süýşürilmeginiň palestina halkynyň syýasy hukuklarynyň konfiskasiýa edilmegini aňladýandygyny aýtdy.

Şenbe güni IRNA-nyň habaryna görä, Hamasyň syýasy gullugynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe Palestina saýlawlarynyň yza süýşürilmegine gynanç bildirmek bilen Kudusda saýlawlaryň geçirilmeginiň zerurlygy barada düşünişmezligiň ýokdugyny aýtdy.

Hamasyň syýasy gullugynyň başlygy şeýle-de Kudusda saýlawlary geçirmekde agzybirligiň we raýdaşlygyň zerurdygyny aýtmak bilen Kudus söweşi milletiň söweşi, ymmatyň söweşi we maksady erkinlikdir diýdi.

Palestina dolanyşygyň başlygy Mahmud Abbas anna güni irden saýlawlar baradaky ýygnakdan soň beren gürrüňlerinde Palestina ýolbaşçylygy saýlawlary Kudusuň ilatynyň gatnaşmagy kepillendirilýänçä yza süýşürmek kararyna geldi diýip yglan etdi.

Bu karardan soň Ysmaýyl Haniýe Palestina dolanşygyna saýlaw geçirmek ugurda basyş etmek üçin Katara sapar etdi.

Birnäçe palestinaly hereketler, toparlar we palestinanyň çydam komitetleri hem saýlawlaryň yza süýşürilmegini ret edip, bu çäräni basyp alyjylaryň peýdasyna hasapladylar we saýlawlaryň yza süýşürilmegi palestina halkynyň islegine garşy diýip yglan etdiler.