Netanýahu: Ysraýyla abanýan howplary ýok etmegi ABŞ bilen dostluga makul bilýärin
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i11854-netanýahu_ysraýyla_abanýan_howplary_ýok_etmegi_abŞ_bilen_dostluga_makul_bilýärin
Sionist režimiň premýer-ministri Eýrany bu režimiň barlygyna abanýan howp hökmünde görkezip, Tel Awiwiň Waşington bilen dostluk etmek bilen bu howplary ýok etmegiň arasynda ikinjini saýlajakdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 02, 2021 12:06 Asia/Ashgabat
  • Netanýahu: Ysraýyla abanýan howplary ýok etmegi ABŞ bilen dostluga makul bilýärin

Sionist režimiň premýer-ministri Eýrany bu režimiň barlygyna abanýan howp hökmünde görkezip, Tel Awiwiň Waşington bilen dostluk etmek bilen bu howplary ýok etmegiň arasynda ikinjini saýlajakdygyny aýtdy.

Sişenbe güni "Al Jazeera" -nyň habaryna görä, "Benýamin Netanýahu" egerde bu režim Waşington bilen dostluk etmek bilen garşysyndaky bar bolan howplaryna garşy göreşmekligiň arasyndan birisini saýlamaga mejbür bolsa, bu howplary ýok etmegi saýlajakdygyny aýtdy.

Ol sözüniň dowamynda Ysraýyl üçin iň uly howp barlyk howpydyr we Ysraýylyň barlygy Eýranyň ýadro ýaragyny edinmek tagallalary bilen howp astyndadyr diýdi.

Netanýahu şeýle-de ýadro ýaragy bolsun ýa-da on müňlerçe raketa bolsun, bize abanýan howplara garşy göreşmelidiris diýdi.

Sionist režimiň premýer-ministriniň bu haýbat atmasy bir ýagdaýdadyr welin, Ysraýylyň özünde 200-den gowrak ýadro ýaragy bar.

Bu aralykda, Sionist režimiň uruş ministri "Benni Gantz" Netanýahunyň aýdanlaryna jogap edip: ABŞ bilen Eýran baradaky islendik dawa howpsuzlygymyza zyýan ýetirip biljek çykyşlar bilen däl-de, göni gepleşikler arkaly çözüler diýdi.