Aýn al-Assad bazasy pilotsyz uçar arkaly nyşana alyndy
Yrak çeşmeleri Yragyň günbataryndaky Aýn al-Assad bazasynyň pilotsyz uçarlar arkaly nyşana alnandygyny yglan etdiler.
"Saberin News Telegram" kanalynyň habaryna görä, ýekşenbe güni irden Yragyň günbataryndaky Aýn al-Assad howa bazasynda duýduryş sesiniň eşidilenden soň, Yrak çeşmeleri bazanyň iki sany pilotsyz uçar arkaly nyşana alnandygyny aýtdy.
Hasabata görä, ABŞ güýçleri Aýn al-Assad bazasyna barýan ýollary tiz ýapdylar.
Yragyň Maglumat merkezi, pilotsyz uçaryň Aýn al-Assada garşy hüjümini tassyklady we Aýn al-Assad bazasynda ýerleşýän howa goranyşynyň iki pilotsyz uçara garşy durandygyny we olary atyp bilendigini aýtdy.
Soňky aýlarda ABŞ-nyň harby bazalaryna we kerwenlerine şuňa meňzeş köp hüjümler bolandyr.
Yrak halkynyň we toparlarynyň köpüsi Amerikan terrorçy güýçleriniň Yrakdan çykarylmagyny isleýärler we Yragyň parlamenti hem bu güýçleri çykarmak meýilnamasyny tassyklady.