Sanaa: Agzybirlik Ýemen krizisini çözmegiň ýeke-täk usulydyr
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i16278-sanaa_agzybirlik_Ýemen_krizisini_çözmegiň_ýeke_täk_usulydyr
Ýemeniň milli halas ediş hökümetiniň syýasy gullugynyň agzasy, Daşary ýurt agressiýasyna garşy birleşmek we Ýemeni azat etmeklige gatnaşmak bu ýurtdaky krizisi çözmegiň ýeke-täk usulydyr diýdi.
(last modified 2022-04-04T11:21:43+00:00 )
Apr 04, 2022 16:21 Asia/Ashgabat
  • Sanaa: Agzybirlik Ýemen krizisini çözmegiň ýeke-täk usulydyr

Ýemeniň milli halas ediş hökümetiniň syýasy gullugynyň agzasy, Daşary ýurt agressiýasyna garşy birleşmek we Ýemeni azat etmeklige gatnaşmak bu ýurtdaky krizisi çözmegiň ýeke-täk usulydyr diýdi.

Al-Mayadin habarlar gullugynyň habaryna görä Ýemeniň Milli Halas ediş Hökümetiniň syýasy gullugynyň agzasy Muhammet al-Bahiti: Biz ähli ýemenliler üçin mertebe we beýiklik döredýän parahatçylyga taýyndyrs diýip yglan etdi.

Al-Bahiti sözüniň dowamynda şeýle-de erkinlik operasiýasyny tamamlamak ugurda birleşmek üçin hüjümçiler tarapyndan aldananlaryň hemmesine elimizi uzadylýarys diýdi.

Ýemeniň milli halas ediş hökümetiniň syýasy gullugynyň agzasy şeýle-de basyp alyjy ýurtlar Ýemende Ýemenlileriň arasynda gepleşikleriň geçirilmegini islemeýärler we hiç wagt ýol bermezler, sebäbi bu olaryň bähbitlerine ters gelýär diýip nygtady.

Saud Arabystany, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, BAE-nyň we beýleki birnäçe ýurduň goldawy bilen 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Ýemende harby çozuş we gury ýer, deňiz we howa gabawy başlandy.

Saud Arabystanynyň režimi we onuň ýaranlary şu wagta çenli Ýemen halkynyň çydamy sebäpli bu ýurtdaky maksatlaryna ýetip bilmedi.