Dünýä,Gazza baradaky Halkara Jenaýat Kazyýetiniň amaly işine garaşýar
Halkara Jenaýat Kazyýetiniň işiniň hasabatyny gözden geçirýän BMG 78-nji Baş Assambleýasynyň 21-nji ýygnagynda Eýran Yslam Respublikasynyň wekili Jenaýat kazyýetiň Halkara rolunyň möhümdigini belledi.
Halkara Jenaýat Kazyýetiniň işiniň hasabatyny gözden geçirýän BMG 78-nji Baş Assambleýasynyň 21-nji ýygnagynda Eýran Yslam Respublikasynyň wekili Jenaýat kazyýetiň Halkara rolunyň möhümdigini belläp, Biz basyp alnan Palestina sebitlerinde katastrofiki krizise şaýat bolýarys, Şübhesiz, Gazazda edilen jenaýatlar Halkara Jenaýat Kazyýetiniň garamagyndaky halkara jenaýatlarynyň mysalydyr diýip nytgtady.
Eýranyň wekili Şeýle hem sözüniň dowamynda, halkara ynsanperwer kanunlaryny gödek bozmak, öldürmek, parahat ilaty zor bilen göçürmek, raýat infrastrukturasyny weýran etmek, gür ilatly merkezleri, hassahanalary we mekdepleri bombalamak, açlygy söweş ýaragy hökmünde ulanmak global aladanyň sebäbleridir we bu alada BMG-nyň Baş Assambleýanyň geçen anna güni tassyklanan kararynda öz beýanyny tapdy diýdi .
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy, Palestina baradaky adatdan daşary mejlisinde,geçen anna arap ýurtlarynyň Palestinanyň çydamynyň we Sionistiň arasyndaky dawalar baradaky teklibini tassyklady. Bu jarnama gyssagly Gazzada gumanitar ýaraşyk we söweşleriň bes edilmegini isledi. Bu rezolýusiýa 121 ses bilen tassyklandy ,emma ABŞ bu karara garşy ses berdi.
Howpsuzlyk Geňeşi bu karary tassyklamak üçin dört gezek synanyşandan soň Baş Assambleýada bu karara tassyklandy. Urşuň möwjemegi baradaky aladalar artdygyça, BMG Baş Assambleýasy öz karary bilen "sebitdäki durnuksyzlygyň we zorlugyň ýokarlanmagynyň öňüni almagyň möhümdigini" aýtdy.
BMG Howpsuzlyk Geňeşi, şeýle hem Braziliýanyň Palestina ýagdaýy barada teklip eden ikinji kararyny gözden geçirmelidir. Braziliýa tarapyndan teklip edilen öňki karar ABŞ tarapyndan weto edilipdi.
Bar bolan gözleglere görä, soňky 26 günde Gazzada 18 müň tonnadan gowrak bomba we ok atyldy. Bu bombalardan Her inedördül kilometr topragynyň paýy 50 tonna bolar.
Bu partlamalaryň ýok ediji güýji,bir atom bombadan artykdyr.