Liwanyň mejlisiniň başlygy: Ysraýyl sebitdäki ähli problemalaryň çeşmesidir
(last modified Fri, 01 Dec 2023 07:58:00 GMT )
Dec 01, 2023 12:58 Asia/Ashgabat
  • Liwanyň mejlisiniň başlygy: Ysraýyl sebitdäki ähli problemalaryň çeşmesidir

Liwan mejlisiniň başlygy Nabih Berri penşenbe güni gije Liwan we sebitde ýüze çykýan ähli problemalaryň we howplaryň çeşmesi Ysraýyldyr diýip duýduryş berdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Nabih Barri metbugat beýanatynda sebitdäki sionist režimiň ösüş isleýji maksatlaryna garşy duýduryş bermek bilen Gazadaky atyşygy bes etmek baradaky tagallalara garamazdan, Ysraýylyň Gazadaky we Liwandaky duşmançylykly niýetlerinden ägä bolmalydygyny aýtdy.

Barriniň aýdan bu sözleri bir ýagdaýdadyr welin, mundan ozal Liwandaky Hizbullahyň Merkezi Geňeşiniň agzasy Nabil Kawuk Sionist duşman, Gazanyň we Liwanyň garşylygy bilen döredilen deňlemeleriň öňünde dyza çökendir diýip aýdandyr.

Ol şeýle-de meýdan üstünlikleri arkaly sebitiň geljegini düzeris we Ysraýyl režiminiň maksatlaryny ýeňeris diýdi.