Haniýe: Al-Aqsa tupany sionist režimini sarsdyrdy
(last modified Thu, 14 Dec 2023 08:40:08 GMT )
Dec 14, 2023 13:40 Asia/Ashgabat
  • Haniýe: Al-Aqsa tupany sionist režimini sarsdyrdy

Hamasyň syýasy edarasynyň başlygy Al-Aqsa tupany söweşi Sionist režmiň we onuň harby we syýasy ýolbaşçylarynyň düýbüni sarsdyrdy diýdi.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Palestinanyň Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe Palestina halky we garşylyk Gazadaky sionist goşuna garşy gahramançylykly göreşini we tutanýerliligini henizem görkezýändirler diýdi.

Haniýe şeýle-de Kassamyň we garşylyk söweşijileriniň edermenligi Sionist duşmanyna agyr zyýanlary ýetirendigini aýtdy.

Hamasyň ýokary derejeli resmisi şeýle-de ähli görgüler we agyrylar palestina halkynyň aňynda galar we hiç haçan ýatdan çykarmaz we bu jenaýatlary edenler bagyşlanmaz diýip beýan etdi.

Hamasyň syýasy býurosynyň başlygy arap we yslam ýurtlaryny duşmanlaryň Gaza garşy eden jenaýatlarynyň mukdaryna görä işleriniň gerimini giňeltmäge çagyrdy.

BMG-nyň Baş sekretarynyň pozisiýalaryna ýokary baha beren Haniýe, BMG Baş Assambleýasynyň Gazadaky atyşygy bes etmek baradaky kararlaryň köplügi bilen tassyklanan kararyny garşy aldy.