Netanýahunyň kabinetiniň kyncçylyklary
Sionist režimiň Ýokary kazyýetiniň karary bilen, bu režimiň ministrler kabinetiniň tarapyndan teklip edilen kazyýet kanunyň ýatyrmagy bilen Tel Awiwdäki syýasy dartgynlyk täze tapgyra gadam basar.
Sionist režimiň Ýokary kazyýetiniň karary bilen, bu režimiň ministrler kabinetiniň tarapyndan teklip edilen kazyýet kanunyň ýatyrmagy bilen Tel Awiwdäki syýasy dartgynlyk täze tapgyra gadam basar.
Ysraýyl režimiň Ýokary kazyýeti 1-nji ýanwarynda (2024) ahyrsoňy ministrler kabinetiniň teklip eden jedelli kanun taslamasyna garşy ses berdi we bu ses berişligiň netijesinde kazylar kabinetiň "manysyz" kararlaryny ýatyryp bilerler. Sionist režimiň 15 kazysyndan sekizisi, diňe bir sesiň köplügi bilen kanun taslamasynyň güýjüni ýitirmek üçin ses berdi. Sionist Knesseti (Mejlisi) basyp alnan ýerlerde giňden ýaýran garşylyklara garamazdan geçen ýyl (2023) bu reformalara “oňyn” ses berdi. Bu kazyýet kanuny hökümete we Knessete ýokary Kazyýetiň kararlaryny ýönekeý köplük bilen ýatyrmaga ruhsat bererdi. Mundan başga-da, bu kanun taslamasy Sionist režimiň kabineti kazylary saýlamak komitetiniň düzümini belläp taslamany üýtgedip bilerdi. Sionist premýer-ministri Benýamin Netanýahuny, şeýle hem ministrler kabinetiniň oppozisiýa partiýalaryny tankytlaýanlar, bu reformalary goldaýanlaryň esasy maksadyny kazyýet edarasyny gowşatmak hasapladylar. Ekstremist Sionistler bu meýilnamany goldaýanlaryň biri bolupdy we ýokary Kazyýetiň negatiw ses bermegi basyp alnan ýerlerdäki içerki dartgynlygy güýçlendirer. Adalat ministri we Netanýahunyň ýarany bolan bu özgertmeleriň dizaýneri "Ýariw Lewin" Ysraýyl režimiň ýokary Kazyýetiniň kararyny berk tankytlady we bu çäräni bölüji diýip atlandyrdy . Netanýahunyň kabineti we aşa sionistler kanun taslamasynyň durmuşa geçirilmegi we tamamlanmagy üçin "Likud" koalisiýasyna giň goldaw berdiler we ýokary Kazyýetiň karary bilen olar bilen hökümetiň arasyndaky düşünişmezlik güýçlener. Iň aşa sionistler Netanýahunyň gowşak koalisiýa kabinetiniň döremeginde möhüm rol oýnady we bu toparyň goldawynyň kesilmegi bilen ministrler kabinetinde köplük bolmaz we saýlaw geçirmek mümkinçiligi artar. Sionist režimiň premýer-ministri we Likud partiýasy saýlaw geçirmekden gaty gorkýarlar, sebäbi pikir soralyşyklar parlament saýlawlary geçirilse Knessetdäki 64 ornuň köplügini ýitirjekdigini we bu görkezijiniň 40-a golaý boljakdygyny görkezýär.