Sana'a: Amerikan we Iňlis hüjümleri jogapsyz galmaz
(last modified Fri, 12 Jan 2024 08:14:28 GMT )
Jan 12, 2024 13:14 Asia/Ashgabat
  • Sana'a: Amerikan we Iňlis hüjümleri jogapsyz galmaz

Ýemeniň Ýokary Syýasy Geňeşiniň agzasy, şu gün irden Amerikanyň we Iňlisiň Ýemene eden hüjümlerini terrorçylykly häsiýetlendirmek bilen şübhesiz, bu hüjümler jogapsyz galmaz we Gazadaky sionist jenaýatlarynyň baş dolandyryjysynyň Amerika we Angliýadygyny görkezdi diýdi.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Ýemeniň Ýokary Syýasy Geňeşiniň agzasy Muhammet Ali al-Houti ABŞ-nyň we Iňlisiň irden Ýemeniň dürli sebitlerine eden hüjümlerine jogap edip Amerikan we Iňlis hüjümleri wagşy we terrorçylykly hüjümlerdi we bu hüjümler Ýemenliler tarapyndan jogapsyz galmaz diýdi.

Muhammet Ali al-Houti Amerikan-Iňlisleriň Ýemene eden hüjümleriniň bilkastlaýyn we esassyz hüjüm we agressiýa bolandygyny aýtmak bilen olaryň wagşy tebigatyny görkezýändigini nygtady.

Şu gün irden Amerikanyň we Iňlisleriň Ýemende guran hüjümlerine jogap hökmünde Ansarullanyň resmi metbugat sekretary Muhammet Abdul-Salam "Al Jazeera" bilen söhbetdeşlikde Ysraýylyň musulman topraklaryny basyp alandygyny we Gazanyň ýaşaýjylaryna garşy rehimsiz hüjümleri edýändigini ähli ýurtlara yglan edilendigini aýtdy.

Ol şeýle-de Ysraýyl režiminden başga hiç bir ýurdy nyşana almadyk we Ýemeniň ýaragly güýçleri bu hüjümlere diňe ilki jogap berdiler we ýakyn wagtda hüjümlerimizi we jogaplarymyzy giňelderis diýdi.

Abdul salam şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Iňlisiň çozuşlaryna ikirjiňlenmän jogap bereris we Gaza söweşi gutarýança Palestinany basyp alan Ysraýyl gämilerini ýa-da şol ýerlere barýan gämilerini nyşana alarys diýdi.

Liwan Hizbollahy we Palestinanyň Yslam Jihad hereketi Ýemen halkynyň Palestina meselesine berýän goldawyny öwüp, ABŞ-nyň we Iňlisiň Ýemendäki nyşanalara hüjüm etmek hereketini berk ýazgardylar.