Hamasyň "Al-Aksa tupany "operasiýasynyň netijesi
Hamasyň "Al-Aksa tupany "operasiýasynyň netijesi garşylyk frontuny we sionist režimiň barha artýan izolýasiýasyny görkezýär.
Hamasyň "Al-Aksa tupany "operasiýasynydan mezende 100 gün geçdi, garşylyk frontunyň täsiri we sionist režimiň barha artýan izolýasiýasy dünýä jemgyýetçiliginiň pikirine has aýdyň görünýär.
Palestina garşylyk toparlarynyň işine başlaly bäri mezende ýüz gün geçdi. 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda palestinaly söweşijiler sionist režimiň jenaýatlaryna we adamkärçiliksiz hereketlerine jogap hökmünde "Al-Aksa tupany" operasiýasyny başlady. Bu amal, geografiki derejesi we palestinaly söweşiji toparlaryň barlygy taýdan özboluşlydy. Garşylyk toparlary inisiatiwasy we täze harby enjamlary ulanmak bilen Ysraýyl režimini geň galdyrdy. Palestina söweşijileriniň yzygiderli gazanan üstünlikleri Sionist režimiň ýolbaşçylaryny kyn ýagdaýa saldy.
Al-Aksa tupany operasiýasynyň ilkinji günlerinde Sionist režimi ABŞ-nyň we Günbatar hökümetleriniň goldawy we hatda gönüden-göni garşylyk güýçleriniň garşysynda ejizligi sebäpli deňagramlylygy üýtgetmäge synanyşdy,emma Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) we garşylyk bilen baglanyşykly harby bölümleriň, "Al-Kassam Brigadalary" ýaly düşünjeli çemeleşmeleri Ysraýyl goşuny we Sionist goşuny üçin ýagdaýy kynlaşdyrdy.
Netijede, sionist režimiň häkimiýetleri palestinaly toparlaryň ýokary ornuny we sionistleriň ejizligini görkezýän 2023-nji ýylyň dekabrynyň birinji hepdesinde ot açyşlygy kabul etmäge mejbur boldular. Sionist režimiň premýer-ministri "Benýamin Netanýahu", Gaza utuşyň ilkinji günlerinde çalt we aňsat ýeňiş gazanjakdygyny, hatda "Hamasyň" ýok ediljekdigini wada berdi,ýöne Sionistler asla maksatlaryna ýetmediler.
Netanýahunyň kabineti üçin Gaza uruşyň netijeleri, Sionist ýolbaşçylarynyň arasyndaky boşlugy we düşünişmezligi artdyrmak we basyp alnan ýerlere içerki nägilelikleriň ýaýramagy boldy.
Al-Aksa tupany" -nyň netijeleri basyp alnan ýerleriň içerki meseleleri bilen çäklenmän, sebit we halkara ösüşlere görlüp-eşidilmedik täsir etdi.