Gebreýesus UNRWA Berilen Kömegiň Bes Edilmezligi Üçin Çagyryş Etdi
(last modified Tue, 30 Jan 2024 14:04:28 GMT )
Jan 30, 2024 19:04 Asia/Ashgabat
  • Gebreýesus UNRWA Berilen Kömegiň Bes Edilmezligi Üçin Çagyryş Etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory bu barasynda X sosial media platformasyndan habarnama berdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gegreýesus bu barasynda X sosial media platformasyndan habarnama berdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gegreýesus donorlara BMG-niň Ýakyn Gündogardaky palestinaly bosgunlara kömek we abadançylyk gaznasy (UNRWA) berilen maliýe kömegini bes etmezlikleri boýunça çagyryş etdi.

Gebreýesus käbir ýurtlaryň ysraýylly resmileriň UNRWA-nyň işgärleriniň Hamasa goldaw berýandigi hakyndaky aýyplamasyndan soň gurama berýan maliýe kömegini bes etmegi boýunça X sosial media platformasyndan habarnama berdi.

Donorlara şu agyr günlerde UNRWA berýän maliýe kömegini bes etmezlikleri hakynda çagyryş eden Gebreýesus; “Maliýe goldawyň kesilmeginiň diňe bir goldawa mätäç pälestinalylara zyýan bolar” diýip, nygtady.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Ysraýylyň resmileriniň UNRWA-nyň işgärleriniň Hamasyň 7-nji oktýabrdaky hüjümlerine goşulandygy hakyndaky aýyplamalarynyň dessine derňelmegini isläpdi.

UNRWA bolsa Ysraýylyň aýyplamalary boýunça derňew işini başladypdy.

Germaniýa, Şweýsariýa, Italiýa, Kanada, Finlýandiýa, Awstraliýa, Britaniýa, Gollandiýa, ABŞ we Fransiýa UNRWA berilen maliýe kömeginiň wagtlaýynça bes edilmegi hakynda karara gelendiklerini beýan edipdi.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde azyndan 11 müňi çaga, 7 müň 500-i zenan bolmak bilen 26 müň 422 palestinaly şehit edildi, 65 müň 87 adam ýaralandy.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri Gaza sektoryny howadan, gury ýerden we deňizden nyşana almaga dowam edýär.

Hüjümleriň 115-nji gününde onlarça adam pida boldy we ýaralandy.

Palestinanyň resmi WAFA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ysraýylyň harby goşuny howadan we gury ýerden Gazanyň günorta gündogarynda ýerleşýän Az Zeýtun bilen günorta günbatarynda ýerleşýän Tel al Hewa etrapçalaryny bombalady.

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä ysraýylly bir topar BMG-na degişli ynsanperwer kömek daşaýan ýük ulaglaryň Gaza girmegine päsgel bermek maksady bilen yzly-yzyna eýýäm 5 gün bäri Gazanyň günorta-gündogaryndaky Kerem Abu Salim gümrük geçelgesiniň öňünde demonstrasiýa geçirýärler. 

Takmynan 2,3 million palestinalynyň ýaşaýan Gaza zolagy, 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň hüjümleriniň astynda.

Gazada ýaşaýan palestinalylar Ysraýylyň harby güýçleriniň guraýan hüjümleri we ynsanperwer kömek ýük ulaglarynyň sebite girmegine päsgel berýändigi üçin açlyga sezewardyrlar.