Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Sionist režimiň Gazadaky çozuşyny bes etmegi isledi
(last modified Wed, 06 Mar 2024 07:38:25 GMT )
Mar 06, 2024 12:38 Asia/Ashgabat
  • Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Sionist režimiň Gazadaky çozuşyny bes etmegi isledi

Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde duşuşan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleri soňky çykyşynda sionist režimiň Gazadaky agressiýasynyň doly we şertsiz bes edilmegini islediler.

IRNA-nyň habaryna görä, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleri şeýle hem Gaza päsgelçiliksiz gyssagly ynsanperwer kömegini ibermek üçin serhet geçelgeleriniň açylmagyny talap edipdir.

Şeýle hem beýannamada Gazada köpçülikleýin öldürmek we etnik arassalamak jenaýatyny dowam etdirmegiň howplary barada duýduryş berildi.

Bu beýannamanyň ahyrynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleri halkara jemgyýetçiligini sionist režime Gazadaky hüjümleri duruzmak we basyş etmegi üçin amaly çäreleri görmäge çagyrdy.

Yslam ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň gyssagly ýygnagy sişenbe güni Jiddede Gazadaky ýagdaýy gözden geçirmek üçin geçirildi.

Ysraýyl režimi 7-nji oktýabrdan (15-nji Mehr) Gaza zolagynyň ýaşaýjylaryna garşy weýrançylykly söweş alyp barýar, görlüp-eşidilmedik gumanitar betbagtçylykdan we infrastrukturanyň giňden weýran edilmeginden başga-da onlarça müň palestinaly çagalar we aýallardyr öldürildi. Bu jenaýatlar Tel Awiwiň işgärlerine "genosid" aýyplamasy bilen Halkara Kazyýetine hödürlenmegine sebäp boldy.