Ýemeniň premýer-ministri: Eýranyň Ysraýyla raketa hüjümi Yslam respublikasynyň kuwwatyny görkezdi
(last modified Mon, 15 Apr 2024 08:38:18 GMT )
Apr 15, 2024 13:38 Asia/Ashgabat

Ýemen hökümetiniň premýer-ministri Eýranyň raketa we pilotsyz hüjüminiň Eýran Yslam Respublikasynyň güýjüni hemmelere görkezýändigini aýtdy.

Sanada Eýran Press habar gullugy bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde Ýemen hökümetiniň premýer-ministri Abdul Aziz Bin Habtoor Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň basyp alnan ýerlere pilotsyz uçar we raketa hüjümi barada gürrüň gozgap Yslam, Arap we global jemgyýetçilik pikiri, Eýranyň Ysraýyla garşy buýsançly harby we howpsuzlyk çärelerine çynlakaý çemeleşýärler diýdi.

Ýemen hökümetiniň premýer-ministri Eýran Yslam Respublikasynyň öz hukuklaryny yzyna alyp, duşmana harby we howpsuzlyk ugurlarynda sapak berip biljek ýurtdygyny subut edendigini aýtdy.

"Abdul Aziz Bin Habtoor", Eýranyň Ysraýyl režimine garşy alyp barýan harby hereketiniň dünýäniň ähli erkin halky üçin buýsançdygyny aýtdy we bu hereket Amerika we onuň sebitdäki jenaýatçylaryna  "ýok" diýip biljek sesiň bardygyny subut etdi diýdi.

Sionist režimiň Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine eden hüjümine jogap hökmünde Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy ýekşenbe güni (14-nji aprel) irden basyp alnan ýerlere ýüzlerçe pilotsyz uçar we raketa atdy bu bolsa metbugatda we dünýäniň jemgyýetçilik pikirinde giňden ýaň saldy.

Tags