Jun 28, 2024 15:25 Asia/Ashgabat
  • Ýemeniň günortasyna Amerikan we Iňlis hüjümleri

Ýemeniň “Al-Masira” ulgamy bu ýurduň günortasyndaky “Taez” welaýatyna ABŞ we Angliýanyň hüjümlerini yglan etdi.

Ýemeniň al-Masira ulgamy hasabatynda ABŞ bilen Angliýanyň Ýemeniň günortasyndaky "Taez" welaýatynda "Al-Zahra" sebitine dört gezek hüjüm edendigini habar berdi.

2023-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri Ýemen goşuny Gyzyl deňizde we Arap deňzinde sionist režimi bilen baglanyşykly söwda gämilerine onlarça raketa we pilotsyz hüjüm etdi.

Ysraýyl režiminiň Gaza zolagyna edýän hüjümleriniň möwjemeginden soň, Ýemeniň ýaragly güýçleri Palestinanyň basyp alnan ýerleri maksady bolýan Ysraýyl gämilerine we bu režimiň portlaryna barýan gämilerine Gyzyl deňizden we Bab al-Mandab bogazyndan geçmäge rugsat bermedi.

Beýleki tarapdan, Waşington Gyzyl deňizde we Arap deňzinde gämi gatnawyny goldaýandygyny toslap halkara deňiz koalisiýasyny döretdi, ýöne habar beriş serişdeleriniň habaryna görä bu koalisiýa Ýemeniň Ansarullah hereketiniň raketa hüjümleriniň garşysynda hakykatdanam şowsyz bolandyr.

Amerika we onuň ýaranlary ozal Ýemendäki sebitlere hüjüm edipdi, emma Ýemeniň ýaragly güýçleri bu hüjümlere jogap hökmünde Amerikan gämilerini nyşana aldy.