Hasan Nasrollah: Palestinalylar iň mazlum halkdyrlar
Liwanyň Hizbullah hereketiniň Baş sekretary , Palestina halkyna edilýän zulumyň aç-açan bolandygyny we hiç hili mazlumlygyň oňa ýetmejekdigini aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Liwandaky Hizbullanyň baş sekretary Seýid "Hasan Nasrollah" bu hereketiň borjunyň, Palestina garşy rehimsiz hüjüm bes edilýänçä, sionist duşmana garşy göreşmekdigini aýtdy.
Nasrollah şeýle hem, Liwanyň palestina halkyna berýän goldawynyň maksady, sionist duşmany Gazanyň ýaşaýjylaryndan uzaklaşdyrmakdygyny aýtdy.
Soňky birnäçe aýyň içinde, Sionist režimiň Gaza zolagynda eden aýylganç jenaýatlaryndan we bu sebitdäki palestinalylaryň genosidinden soň, Liwanyň Hizbullah hereketi basyp alan ýerleriň demirgazygyndaky bu režimiň harby pozisiýalaryny nyşana aldy bu bolsa bu sebitlerde sionist şäherçelerde ýaşaýan ýewreýleriň gorkmaklaryna sebäp boldy.
Bu aralykda, şenbe güni sionist režim Gaza zolagynyň günortasyndaky Han Ýunis şäherine hüjüm edip, azyndan 71 adamyň ölmegine we 289 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.