Gazada 40 Million Tonna Harabalyk Emele Geldi
Harabalyklaryň ortadan aýrylmagy işleri 15 ýyldan gowrak dowam edip biler
BMG, 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýyl Režimiň guraýan hüjümleri sebäpli Gazada 40 million tonna harabalygyň emele gelendigini, harabalyklaryň ortadan aýrylmagy işleriniň 15 ýyldan gowrak dowam edip biljekdigini mälim etdi.
BMG-nyň Ýakyn Gündogardaky Palestinaly bosgunlara ýardam gullugy UNRWA sosial media arkaly Ysraýylyň hüjümleri astyndaky Gazadaky ýykylşyk hakynda maglumat berdi.
Habarnamada, hüjümler sebäpli Gazada 40 million tonna harabalygyň emele gelendigi, harabalyklaryň ortadan aýrylmagy işleriniň 15 ýyldan gowrak dowam edip biljekdigi we gymmatynyň bolsa 500 milliondan dollardan geçendigi nygtaldy.
Habarnamada mundan başgada harabalyklaryň arasynda ýarylmadyk bombalaryň we zyýanly maddalaryň bardygy sebäpli diýseň howpludygyna üns çekildi.
Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 285 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza garşy guran hüjümlerinde ýene-de 81 palestinalynyň pida bolandygy, 198 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Beýannamada, Ysraýyl Režimiň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde şehit bolanlatyň sany 38 müň 794 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 89 müň 364 adama ýetendigi ýatladyldy.
Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.
Şeýle-de Ysraýyl bilen Liwandaky Hizbullahyň arasyndaky çaknyşyklar güýçli depginde dowam edýär.
Ysraýylyň harby uçarlary, Liwanyň günortasynda ýerleşýän 5 obany bombalady.
Ysraýylyň harby goşunyndan berlen beýannamada, Hizbullaha degişli harby merkezleriň nyşana alynandygy nygtaldy.
Hizbullah bolsa Liwanyň günortasyndan Ysraýylyň harby merkezlerine uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandyklaryny mälim etdi.
Ysraýylyň harby goşuny, uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde 33 ýaşyndaky esgeriň ýogalandygyny mälim etdi.
Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi, 8-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň harby goşuny tarapyndan guralýan hüjümlerde häzire çenli Hizbullaha agza 366 adamyň we asuda ilatdan 100 adamyň pida bolandygyny mälim etdi.
Hüjümlerde 1438 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.
Çaknyşyklar sebäpli häzire çenli Liwanyn günortasyndan 90 müň adam hem başga ýere göçmeli boldy.
Ysraýylyň harby goşunynyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümleri sebäpli esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat bolan 38 müň 664 palestinaly şehit boldy, 89 müň 97 adam hem ýaralandy.