Ýemen: Sionist regžimiň howpsuzlygy ýok
Ýemeniň maglumat ministri bu ýurduň ýaragly güýçleri, sionist regžimiň howpsuz däldigini nygtamak üçin bu regžimiň pozisiýalaryny nyşana aldy.
Ýemeniň ýaragly güýçleriniň metbugat sekretary yaahýa Saree düýn (ýekşenbe) beren beýanatynda Ýemeniň ýaragly güýçleriniň ultrases ballistik raketa ulanyp, basyp alnan Palestindäki Ýafanyň günortasyndaky basyp alyjy goşunyň harby pozisiýasyny nyşana alandygyny aýtdy.
Ýemeniň maglumat ministri "Haşim Şarafuddin" ýekşenbe güni agşam "Al-Maýadeen" ulgamyna beren interwýusynda Ýemeniň dürli ugurlardaky harby kuwwatyny giňeldip bilendigini aýtmak bilen, häzirki wagtda biz erkinlikde, abraýda we mertebede ýaşaýarys we imperializme garşy sesimiz gaty güýçlidir diýip beýan etdi.
Şarafuddin sözüniň dowamynda biz garşylyk oky bilen sazlaşykly we hemişe hyzmatdaşlygyň we utgaşdyrmagyň çäginde söweşe girdik diýdi.
Mundan ozal Ýemeniň ýaragly güýçleriniň metbugat sekretary yaahýa Saree Al-Aqsa tupany operasiýasynyň ilkinji ýyl dönüminiň öňüsyrasynda sionist duşmanyň geljekde has köp zarbalara we täsin operasiýalara garaşmalydygyny aýtdy.