Liwan Hizbullahyň Siriýadaky sionist režimiň wagşylygy barada duýduryşy
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i25936-liwan_hizbullahyň_siriýadaky_sionist_režimiň_wagşylygy_barada_duýduryşy
Liwanyň Hizbullah hereketi bir beýannama boýunça Sionist režimiň Siriýadaky wagşylygy we bu ýurduň territorial bitewiligini bozmak barada duýduryş berdi.
(last modified 2024-12-11T10:33:39+00:00 )
Dec 11, 2024 15:33 Asia/Ashgabat
  • Liwan Hizbullahyň Siriýadaky sionist režimiň wagşylygy barada duýduryşy

Liwanyň Hizbullah hereketi bir beýannama boýunça Sionist režimiň Siriýadaky wagşylygy we bu ýurduň territorial bitewiligini bozmak barada duýduryş berdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Liwanyň Hizbullahy bu beýannamada Ysraýylyň sebitdäki islegleri we artykmaç isleýjiligi barada duýduryş berdi.

Hizbullah, Howpsuzlyk Geňeşiniň, halkara jemgyýetçiliginiň we arap-yslam ýurtlarynyň bu basyp alyşlyga garşy durmak we soňuna çykmak jogapkärçiliginiň bardygyny aýtmak bilen, Halkara jemgyýetçiligi we arap we yslam ýurtlary möhüm taryhy döwürde Siriýanyň halkyny goramak üçin jogapkärdirler diýip yglan etdi.

Bu beýannamanyň dowamy hökmünde Liwanyň Hizbullahy Ysraýylyň Gazany basyp almagyny genosid we Palestina meselesini ýok etmek hasaplady.

Şeýle hem Hizbullah, sionistleriň Siriýadaky agressiýasyna garşy dymmak we muňa garşy göreşmezlik we palestina halkyny goldamak üçin amaly çäreleri görmezlik, Ysraýylyň şerçilikli hereketleriniň has berkleşmeginiň sebäbi bolandyr diýip yglan etdi.