Ýemen güýçleri bilen Amerikan gämisiniň arasynda 9 sagat dowam eden çaknyşyk
(last modified Sun, 12 Jan 2025 13:53:42 GMT )
Jan 12, 2025 18:53 Asia/Ashgabat
  • Ýemen güýçleri bilen Amerikan gämisiniň arasynda 9 sagat dowam eden çaknyşyk

Ýemeniň ýaragly güýçleriniň metbugat sekretary Gyzyl deňizdäki Amerikan uçar göterýän gämisi bilen 9 sagat dowam eden çaknyşygy yglan etdi.

"Al-Masira" teleýaýlymynyň habaryna görä, Ýemeniň ýaragly güýçleriniň metbugat sekretary Brigada generaly yaahýa Saree bu ýurduň ýaragly güýçleriniň Gyzyl deňizde USS Garri Truman gämisi bilen bäşinji gezek çaknyşandygyny we soňky çaknyşykda 9 sagatlap dowam edendigini we Amerikan gämisi Gyzyl deňziň demirgazygynda kruiz raketalary we pilotsyz uçarlar tarapyndan nyşana alyndy diýip habar berdi.

Şeýle hem yaahýa Saree, Sionist režimiň we onuň tarapdarlarynyň Gaza zolagynda edýän jenaýatlary togtadylýança we bu sebitdäki gabaw ýatyrylýança Ýemeniň ýaragly güýçleriniň işiniň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Ýemeniň ýaragly güýçleriniň metbugat sekretary anna güni agşam eden çykyşynda hem soňky 48 sagatda Ýemeniň ezilen halky we onuň söweşijilerini goldamak we ezilen Palestina halkynyň Gaza zolagynda gyrgynçylygyna jogap bermek üçin birnäçe harby operasiýa geçirilendigini we olaryň iň möhümi, Amerikanyň “USS Garri Truman” harby gämisine we oňa degişli birnäçe frigata Gyzyl deňziň demirgazyk sebtinde birnäçe kruiz raketalary we pilotsyz uçarlar bilen hüjüm edilendigini nygtady.