Ýemeniň Ansarullah hereketi: Amerika beýleki ýurtlara höküm çykaryp bilmez
ABŞ-nyň Ýemeni terror sanawyna girizmek baradaky ädimine jogap hökmünde Ýemeniň Ansarullah hereketi palestinalylaryň we bigünäleriň öldürilmegine gatnaşýan Waşingtonyň beýleki ýurtlara höküm çykarmaga hukugynyň ýokdugyny aýtdy.
IRNA -yň habar bermegine görä, Ýemeniň Ansarullah hereketiniň syýasy edarasy düýn agşam (penşenbe güni agşam) beren beýanatynda, elleri bigünäleriň gany bilen boýalan Amerika, beýleki ýurtlara we halklara höküm çykaryp, olary terroristleriň sanawyna goşup bilmez diýdi.
Bu beýanatda, Ansarullah hereketini terrorçylyk sanawyna goşmak aç-açan mashara we gülkünç herekete öwrüldi we sionizme hyzmat etmekden başga hiç hili esasy ýok diýilýär.
Ýemeniň Ansemen Ansarullah Hereketiniň Syýasy edarasy şeýle-de Amerikanyň Ýemen halkyna duşmançylygy we Waşingtonyň sionist režimini ähli taraplaýyn goramagy hemmelere mälimdir we Amerikanyň täze hökümetiniň bu rehimsiz hereketiniň ýeke-täk maksady, sionist režimiň Palestina halkyna garşy eden jenaýatlaryny goldamakdyr diýdi.
Ýemeniň Ansarullah hereketi, Amerikanyň maksady, Ýemen halkynyň çekýän jebir-jepalaryny artdyrmak we halky we ýaragly güýçleri palestina halkyna goldaw bermekden we sebäp bolmakdan saklamakdyr diýip beýan etdi.
Ýemeniň Ansarullah Hereketiniň Syýasy edarasy şeýle-de erkin ýurtlary we halklary, şeýle hem hukuk we gumanitar guramalary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu ahlaksyz kararyny ýazgarmaga çagyrdy.