Stambul maslahatynyň soňky beýannamasy
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i2890-stambul_maslahatynyň_soňky_beýannamasy
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň başlyklary Stambulda geçiren maslahatynda 30 bentli beýannamany çykarmak bilen işlerini gutardylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 19, 2018 11:31 Asia/Ashgabat
  • Stambul maslahatynyň soňky beýannamasy

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň başlyklary Stambulda geçiren maslahatynda 30 bentli beýannamany çykarmak bilen işlerini gutardylar.

bu beýannamada Sionist režiminiň Palestinalylara garşy jenaýatlaryna garamak üçin derňew komitetiň gurulmagy islenendir.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň başlyklary Stambul maslahatynyň soňunda çykaran beýannamalarynda BMG-nyň asly organlarynda Sionist režiminiň Palestinalylara garşy jenaýatlaryna garamak üçin tizlik bilen derňew komitetiň gurulmagyny islediler.

musulman ýurtlaryň başlyklary şeýle-de ýaraşygy goraýjy halkara güýçleriň Palestina iberilmegini islediler.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň başlyklary Sionist režimini basyp alyjy we jenaýatkär hasaplamak bilen bir wagtda Sionist režimi Palestinalylara garşy jenaýatlaryny Amerikanyň goldamagy bilen amala aşyrýandyr diýip nygtap geçdiler.