Nov 21, 2017 20:11 Asia/Ashgabat
  • Putin bilen Assadyň duşuşygy
    Putin bilen Assadyň duşuşygy

Orsýet bilen Siriýanyň prezidentleri Siriýada syýasy akymyň başlanmagyny nygtadylar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin  Siriýanyň prezidenti Başar Assad bilen geçiren duşuşygynda terrorizme garşy göreşmekde Siriýa goşunynyň gazanan üstünliklerini gutlap Moskwa döwleti Siriýa dartgynlylygyny çözmek ugurda Yrak, Amerika, Müsür. saud Arabystan we Iordaniýa döwletleri bilen aragatnaşykdadyr diýip nygtady.

Putin sözüniň dowamynda Terrorizme garşy Astana gepleşikleri Siriýa döwletine garşy göreşmekden soňra parahatçylykly syýasy çäre Siriýa dartgynlylygynyň çözgididir diýip beýan etdi.

Astana gepleşikleri Siriýa döwletine garşylar bilen gepleşikleriň geçirilmegine mümkinçilik döredip biljekdir diýip Putin sözüne goşdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Siriýada aramlygyň berkarar edilmegi ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň tagalla etmegini isledi.

Başar Assad hem bu duşuşykda Damask döwletine beren harby we syýasy goldawlary babatly Moskwa döwletine minnetdarlygyny bildirip başga ýurtlaryň Siriýanyň içeri işlerine gatyşmaklarynyň öňüne geçmek üçin Siriýa döwleti rsýetiň hemaýatlaryna mätäçdir diýip nygtady.

Tags