Liwan Hizbullasiniň baş sekretary Siriýanyň prezidentiniň Eýran saparyny garşy aldy
Liwan Hizbullasiniň baş sekretary Seýit Hasan Nasrullah Siriýanyň prezidentiniň Eýrana guran saparyny we yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy bilen duşuşmagyny garşy aldy.
Liwanyň Raý-Al-Ýom gazetasynyň ýazmagyna görä,Liwan Hibulasiniň baş sekretary Seýit Hasan Nasrullah bu partiýanyň aktiw zenanlarynyň bir topary bilen geçiren duşuşygynda Siriýanyň prezidenti Başar Assadyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatullah Hameneýi hezretleri bilen geçiren duşuşygyna yşarat edip Eýranyň ynkylap ýolbaşçysy bilen Başar Assadyň suratlaryny göremde begençden Gözlerimden ýaş akyp başlady diýdi.
Seýit Hasan Nasrullah şeýle-de bu duşuşykda Hizbullah garşy amala aşyrylan gadaganlyklara yşarat edip bu hereket çydamy maliýe taýdan gurşamak we oňa basyş bermek niýeti bilen amala aşandyr diýip nygtady.
Liwanyň Hizbullah hereketiniň baş sekretary duşmanlaryň mekirli hereketleri bilen garşylaşmak üçin bu partiýanyň berk yradadan paýlydygyny nygtady.