Palestina garşy Amerikanyň boluşyna Arap Bileleşiginiň gaýtawuly
Arap Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri adatdan daşary geçiren maslahatlarynda Amerikanyň Sionist režimini goldamak baradaky tutumynyň tersine Palestina milletini hemaýatlamakda bir beýannamany çykardylar.
Al-Sümeriýe habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Arap Bileleşiginiň baş sekretary Ahmet Abu Al-gyz duşenbe güni Arap Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň soňunda çykarylan beýannamany okamak bilen bu Bileleşigiň Palestina ülkelerinde Sionist režimiň şäherçe gurmak işleri barada Amerikanyň baýakky boluşlaryna garşydygyny yglan etdi.
Sionist režimiň basyp alynan Palestina ülkelerinde şäherçe gurmak işleri halkara kanunlara garşydyr diýip Arap Bileleşiginiň baş sekretary Abu Al-gýz aýtdy.
Arap Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň Palestina baradaky adatdan daşary maslahaty soňky wagtlarda Amerikanyň resmileriniň ileri süren pozisiýalarynyň yzy bilen geçirilendir.
Mike Pompeo baýak beren gürrüňlerinde Waşington indi Ysaryýlyň şäherçe gurmak işlerini halkara kanunlara garşy bilýän däldir diýdi.aýtmak ýeri Amerika döwleti mundan ozal Sionist režiminiň Palestina sebitlerinde şäherçe salmak işlerini bikanun bilýärdi.
Palestina ülkelerinde Sionist režiminiň şäherçe gurmak işlerini Amerikanyň hemaýat etmegi Palestina ilatynyň we dünýäniň köpi ýurtlarynyň garşy çykmaklary bilen duş bolandyr.