Amerikanyň uçarmansyz uçarlary Yrakda Haşad Al-Şaabiň pozisiýalaryna hüjüm etdiler
Amerikanyň uçarmansyz uçarlary Siriýanyň serhediniň golaýynda ýerleşen Yragyň Al-Gaym şäherinde Haşad Al-Şaabi degişli Hizbulla Gordanlarynyň pozisiýalaryna we germöwlerine hüjüm etdiler.
şol bir bir wagtda Amerikanyň respublikan senatorlary şol sanda Lindsey Graham we Tom Kotton Amerikanyň ýaňky el-gatyjylykly işlerinden begenç bildirip arka çykdylar.
Yragyň Hizbulla Gordanlarynyň metbugat wekili Jafar Huseýni Amerikanyň ýaňky hüjümleriniň gaýtawulynda Hizbulla güýçleri wagtynda Amerikalylaryň bu işine berk jogap berjekdirler diýip yglan etdi.
Yragyň dürli syýasy toparlary,partiýalary we resmileri hem Amerikanyň ýola beren ýaňky hüjümini berk ýazgardylar.Yragyň prezidenti Barham Saleh Amerikanyň uçarmansyz uçarlarynyň ýola beren ýaňky hüjümini ýazgaryp Amerikanyň bu hüjümini Yragyň milli häkimiýetini bozmaklyk bildi.
Yragyň premýer ministri Adel Abdullmehdi hem Amerikanyň goranmak ministri bilen gürrüň edip bu hüjüm barada Amerikanyň açyklama bermegini talap etdi.
bu hüjümiň yz-ýany bilen Amerikanyň Bagdatdaky ilçihanasy özüniň işgärleriniň bir toparyny bu şäherden çykarandyr we Amerikanyň Karkukdaky K-1 we al-Anbardaky Eýn al-Asad bazalary hem taýynlyk ýagdaýa girişendirler.
Amerikanyň uçarmansyz uçarlarynyň Haşad Al-Şaabi güýçlerine garşy ýola beren hüjümlerinde olaryň azyndan 25-si şehit we 51-si ýaraly boldylar