Al-Husi:Ýemen ilatynyň gyrana berilmeginiň jogapkäri Amerikadyr
Ýemen ynkylabynyň ýokary komitetiniň başlygy bu ýurduň ilatynyň gyrana berilmeginiň we olaryň gabalmagynyň jogapkäri Amerika döwletidir diýdi.
Isna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Ýemen ynkylabynyň ýokary komitetiniň başlygy Muhammet Ali Al-Husi şu gün öz Twitter sahypasynda ýazan matlabynda Amerika Ýemen ilatyny özüniň harby ýaraglary we gabamagy bilen gyrana berip durandyr diýip habar berdi.
Amerika döwletiniň el-gatyjy Saudylara berýän kömekleri uly jenaýatdyr diýip Ýemen ynkylabynyň ýokary komitetiniň başlygy aýtdy.
Al-Husi şeýle-de Arabystan bilen Amerikany Ýemeniň ýaka suwlarynyň hapalanmagynyň jogapkäri bilmek bilen Ýemeniň günorta welaýatlarynyň deňiz ýakalarynda ýüze çykyp duran zat bu suwlara himiki we biologiki maddalaryň syzmagy sebäplidir we bu wakalar sebitiň suwlaryna Amerikaly gämileriň gelmeklerinden soň ýüze çykdy diýip yglan etdi.
Ýemeniň balykçylygyna gözegçilik edýän müdiri Muhammet Abbas Al-Fagyhyň yglan etmegine görä Adanyň deňiz ýakalarynda dürli görnüşde bolýan balyklaryň ölmekleri suwyň himiki taýdan hapalanandygyny görkezýändir diýdi.