Orsýet Siriýada parahatçylygyň berkarar bolmagy üçin 5 şerti ara atdy.
Siriýa barada Ženewada geçirilen 8-nji döwer gepleşikleriň netijesiz tamamlanmagy bilen Siriýada ýaraşyk taslamasynyň netijä baryp çatmagy üçin Orsýet Damask döwletine garşylara 5 şerti teklibi etdi.
Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky mydamlyk wekili Aleksy Borodawkin Siriýa döwletine garşylaryň möhüm meseleleri şol sanda terrorçy DAEŞ we AL_NOSRA toparlaryna garşy göreşmegi,atyşygy bes ediş karary goldamaklygy we az çaknyşykly sebitleri döretmekligi gepleşikleriniň gün tertibine girizmelidiklerini aýtdy.
Siriýa döwletine garşylar çykarýan beýannamalarynda we senetlerinde bu ýurtda harby çäräniň yzynda däldiklerini açyk tärde beýan etmelidirler diýip Aleksy Borodawkin sözüne goşdy.
Siriýa döwleti we döwlete garşylaryň wekilleri şu wagta çenli 8 döwer Ženewada gepleşikleri geçirendirler.bu gepleşikleriň iň soňkysy geçen penşenbe güni netijesiz soňlady.