Muqtada al-Sadr Amerika harbylarynyň Yrakdan çykarylmagyny nygtady
Sadryň Yrakdaky fraksiýasynyň başlygy Muqtada al-Sadr Amerika harbylarynyň Yrakdan çykarylmagyny nygtady
Bagdat Al-Ýum habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Yrakdaky Sadr fraksiýasynyň lideri Muqtada al-Sadr duşenbe güni agşam eden çykyşynda Amerikanyň hemmeleri terrorçylyk usullary, şol sanda uruş we öldürmek bilen boýun egdirmäge synanyşýandygyny we diňe dünýädäki agalygyny artdyrmak isleýändigini aýtdy.
Sadr Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hemmelere ulumsylyk bilen garaýandygyny aýtmak bilen bu ýurduň garaýyşyny we pikirlenişini üýtgetmelidigini aýtdy.
Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi general Haj Kassem Soleýmaniniň we Yragyň Halk Basij Guramasynyň (Al-Haşd al-Shaabi) başlygynyň orunbasary Abu Mahdi al-Mohandesiň Bagdadyň howa menzilinde ABŞ-nyň terrorçylyk hökümetiniň tarapyndan öldürilmeginden soň 5-nji ýanwarda Yrak mejlisiniň agzalary ABŞ harbylaryny Yragyň çäginden çykarmak meýilnamasyny tassykladylar.
25-nji ýanwarda Yrak halky ABŞ-nyň goşunlarynyň ýurtdan çykarylmagyny isläp millionlarça bolup protest geçirdiler.
Bagdat bilen Waşington iki ýurduň gatnaşyklary we ABŞ goşunlarynyň Yrak territoriýasyndan çykarylmagy barada 10-njy iýunda maslahatlaşşjakdyrlar.