Nasrollah: Liwan halky Amerikanyň dildüwşükleriniň garşysynda hüşgär bolsun
(last modified Wed, 17 Jun 2020 13:09:29 GMT )
Jun 17, 2020 18:09 Asia/Ashgabat
  • Nasrollah: Liwan halky Amerikanyň dildüwşükleriniň garşysynda hüşgär bolsun

Liwanyň Hizbollah hereketiniň baş sekretary Liwan halkyny Ysraýylyň bähbitleri uguryndaky Amerikanyň dildüwşüklerinden hüşgär bolmaga çagyrdy.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Liwanyň Hizbollah hereketiniň baş sekretary Saýed Hasan Nasrollah Palestinanyň yslam jihad hereketiniň ozalky baş sekretary Remezan Abdullah Şalahyň hatyryna ýola goýulan dabarada beren gürrüňlerinde ony çydama uly ynanýan we serkerdelik üçin zerur bolan ähli häsiýetlere eýe bolan akylly we beýik ýolbaşçy hasaplamak bilen Liwan halkyny Amerikanyň hileleriniň garşysynda hüşgärlige çagyrdy.

Hizbullahyň baş sekretary, Palestinanyň Günbatar sebitlerini basyp almak baradakyABŞ-Ysraýylyň meýilnamasyna yşarat edip Palestinada çydam okunyň basyp alyşlyga garşy durmak üçin Şalh ýaly şahsyýetiň gerekdigini aýtdy.

Saýed Hasan Nasrollah şeýle-de Liwanyň häzirki döwletiniň kenara çekilmegi barada bolýan gürrüňleri esassyz bilip Hasan Diabiň döwletiniň iş başynda galmagy Liwanyň bähbidinedir diýip ynam bildirdi.

Hizbollahyň baş sekretary protestçylaryň käbiriniň bu partiýany ýaragsyzlandyrmak baradaky talaplaryny ýalňyş we Sionist režiminiň bähbidine bildi.