Hytaý ABŞ-nyň ýadro şertnamasyna şertsiz gaýdyp gelmelidigini aýtdy
Hytaý ABŞ-nyň hemmetaraplaýyn bilelikdäki hereket meýilnamasyna ýa-da şol ýadro şertnamasyna şertsiz gaýdyp gelmegini isledi.
IRNA-nyň habaryna görä, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wang Wen bin sişenbe güni Pekinde gündelik metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň resmileriniň ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasynyň ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmegi baradaky soňky sözlerine salgylanyp, Waşingtonyň ABŞ-nyň öňki administrasiýasynyň eýýäm çykan ýadro şertnamasyna şertsiz gaýdyp gelmelidigini aýtdy.
Wang Wen Bin, ýadro şertnamasyny goldamak bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu şertnama gaýdyp gelmegi üçin ähli taraplaryň hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny we Pekiniň bu meselede öz roluny dowam etdirjekdigini aýtdy.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ýadro ylalaşygyň goralmagynyň we ähli taraplaryň bu şertnama ygrarly bolmaklarynyň zerurlygyny Hytaýyň Eýranyň ýadro meselesine çemeleşmesidir diýip yglan etdi.
Wang Wen Bin, şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň Eýrana garşy birtaraplaýyn sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny nygtap, Pekiniň ýadro şertnamasynyň ädimme-ädim we ikitaraplaýyn çözgüt çemeleşmesini goldaýandygyny aýtdy.