Orsýet Moskwa garşy täze sanksiýalaryň ýaramaz netijeleri barada duýduryş berdi
Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Brýussele Orsýete täze sanksiýalary girizmegi barada duýduryş berdi we bu ädimiň, hökman, degişli çärä sebäp boljakdygyny aýtdy.
"Nowosti" habar gullugynyň habaryna görä, Mariýa Zaharowa Ýewropa Bileleşiginiň bu ýurda täze sanksiýalary girizmek baradaky howlukmaç hereketiniň günbatarlylaryň adam hukuklary meselesinden tersin peýdalanmaklarynyň nyşanydyr we beýle ädimiň, hökman, Moskwanyň degişli jogabyna sebäp boljakdygyny aýtdy.
Bu Rus diplomat Ýewropa Bileleşiginiň bu kararyny düýpgöter duşmançylykly we syýasy ädim diýip atlandyrdy.
Zaharowa şeýle-de biz Ýewropa Bileleşigini deň we konstruktiw gepleşiklere dolanmaga çagyrýarys we meseleleri elmydama açyk we taraplaryň bähbidine laýyk gelýän diplomatik kanallar arkaly çözülmegini isleýäris diýdi.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Josep Borrell Ýewropa Bileleşigini Orsýetiň oppozisiýasynyň lideri Alekseý Nawalnynyň tussag edilmegi sebäpli Orsýete garşy sanksiýalary girizmäge çagyrdy.
Ýewropa ýurtlarynyň Alekseý Nawalnynyň tarapdarlarynyň hökümete garşy bikanun ýörişlerini goldamak, hatda käbir Ýewropaly diplomatlaryň gatnaşmagynda emele gelen bu ýöriş Orsýetiň güýçli nägileligine sebäp bolandyr, we Orsýet bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda dartgynlygyň täze tolkunyny döretdi.