Owganystanda Kamal Han bendiniň açylyş dabarasy
Kamal Han bendi Nimroz welaýatynda oba hojalygy ugurda ulanmak we energiýa öndürmek üçin açyldy.
Anadoly habar gullugynyň habaryna görä, bent şu gün, çarşenbe güni Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani tarapyndan açyldy.
Aşraf Gani bentiň açylyş dabarasy üçin Nimroz welaýatyna ýokary derejeli delegasiýa ýolbaşçylyk etdi.
Bu bentiň birinji böleginiň gurluşygy 1390-njy ýylda, 1396-njy ýylda bolsa üçünji we soňky böleginiň gurluşygy başlandy.
52 million kub metr suwy bolan Kamal Han bendini gurmagyň bahasy takmynan iki ýüz million dollar.
Kamal Han bendi 174,000 gektar oba hojalygyny suwarýar we 9 megawat elektrik öndürmäge mümkinçilik berýär.
Kamal Han bendi Owganystanyň günorta-günbataryndaky Nimroz welaýatynyň merkezi Zaranjyň 18 km günortasynda, Hirmand derýasynda gurlandyr.